Ga­za­gys­ta­nyň Baý­ko­nur şä­he­rin­de ady­bir kos­mod­rom­dan uçu­ry­lan äh­li kos­mos ra­ke­ta­la­ryň ta­kyk ma­ket­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän mu­zeý gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şä­her hä­kim­li­gi açyk as­ma­nyň as­tyn­da ýer­leş­jek mu­ze­ýiň Baý­ko­nur kos­mod­ro­my­nyň we şä­he­riň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 70 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li dö­re­dil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di.

«Şub­ni­kow se­ýil­gä­hin­dä­ki mu­zeý­de Baý­ko­nur­dan uçu­ry­lan gö­te­ri­ji ra­ke­ta­la­ryň ma­ket­le­ri ýer­leş­di­ri­ler. Şol bir wag­tyň özün­de ma­ket­le­riň kos­mos pu­dak­la­ry­na ni­ýet­le­nen kär­ha­na­lar ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­jek­di­gi ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy» diý­lip, şä­her hä­kim­li­gi tarapyndan habar berildi.

«Ga­za­gys­tan ta­ra­py bi­len bi­le­lik­de kos­mod­rom­da sak­lan­ýan «Pro­ton» we «Ze­nit» ýa­ly tür­gen­le­şik üçin ni­ýet­le­nen ra­ke­ta­la­ry hem mu­zeý­de ýer­leş­dir­mek müm­kin­çi­li­gi­ne ga­ral­ýar. Äh­li ma­ket­ler pro­to­ti­pe gö­rä, ýo­ka­ry ta­kyk­lyk bi­len dö­re­di­ler, bu bol­sa, teh­ni­ki res­mi­na­ma­lar top­lu­my­nyň iş­le­nip dü­zül­me­gi­ni, en­jam­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ni, ma­ket­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak üçin de­giş­li ma­te­ri­al­la­ry we hü­när­li iş­gär­le­ri saý­la­ma­gy ta­lap ed­ýär» diý­lip, Baý­ko­nu­ryň şä­her hä­kim­li­gin­de mälim edildi. Geljek ýy­lyň ap­rel aýy­na çen­li iş­le­ri do­ly ta­mam­la­mak we äh­li eks­po­nat­la­ry, şol san­da «Vos­tok» ky­sym­ly gö­te­ri­ji ra­ke­ta­nyň ma­ke­ti­ni Baý­ko­nur şä­he­ri­ne elt­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Ba­har AN­NA­GEL­DI­ÝE­WA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.