Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­sy­nyň mi­we­si bo­lan aja­ýyp ki­tap­la­ry türk­men hal­ky­nyň ki­tap baý­ly­gy­nyň has-da baý­laş­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Şeý­le hem bu aja­ýyp eser­ler türk­men hal­ky­nyň mil­li ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny we ýö­rel­ge­le­ri­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek­de we ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, bu gym­mat­ly ki­tap­la­ryň di­ňe bir türk­men di­lin­de däl, eý­sem, dün­ýä­niň dür­li dil­le­rin­de ne­şir edil­me­gi dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de, adam­za­dyň aňy­ýe­tin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýi­ti ze­hi­nin­den dö­rän «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by ta­mam­la­nyp bar­ýan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň aja­ýyp sow­ga­dy­na öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ki­ta­by­nyň ma­ny-maz­mu­ny­nyň türk­me­niň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­den eser­le­ri­niň adam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na ýe­ti­ren tä­si­ri, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň be­ýa­ny, me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na go­şan go­şan­dy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­me­gi türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öz­bo­luş­ly wasp­na­ma­sy­dyr.

Alym Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi bol­mak bi­len, ta­ry­hy öz­ge­riş­le­ri baş­dan ge­çir­ýän­di­gi­ni, haý­sy döw­ri al­sa­ňam, türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň özü­niň mil­li gym­mat­lyk­la­ry bi­len dün­ýä ýaň sa­lan­dy­gy­ny, ola­ryň dün­ýä­niň ta­ry­hyn­da uly orun alan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­ýar.

Zäh­met rug­sa­dyn­da – dynç alyş gün­le­rin­de dö­re­di­ji­lik iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan alym

Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ki­ta­by en­çe­me baý mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­läp, hal­ky­my­zyň bü­tin ta­ry­hyň do­wa­myn­da dö­re­den hem-de hä­zir­ki ne­sil­le­re mi­ras gal­dy­ran mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na, şan-şöh­rat­ly ýo­lu­na, ta­ryh­da uly yz gal­dy­ran şah­sy­ýet­le­ri­mi­ze ba­gyş­la­nan no­bat­da­ky aja­ýyp eser­dir.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hal­ky­my­za bir­nä­çe aja­ýyp eser­le­ri peş­geş ber­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Döw­let gu­şy», «Çaý – mel­hem hem yl­ham», «Döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si», «Jan­ly ro­wa­ýat» ýa­ly en­çe­me eser­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de aja­ýyp ter­bi­ýe mek­de­bi bo­lup dur­ýar.

Dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni kä­mil bo­lan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýaz­ýan, dö­red­ýän eser­le­ri bu gün äle­me nus­ga­lyk. Türk­me­niň ru­hy we mad­dy gym­mat­lyk­la­ry, me­de­ni baý­lyk­la­ry­myz, mil­li däp-des­sur­la­ry­myz hak­da söz aç­ýan her bir ese­rin­de geç­mi­şiň müň bir paý­ha­sy, gel­je­ge ge­rek­li pa­ra­sa­dy bar. Döw­le­ti do­lan­dyr­ma­gyň we hal­kyň ala­da­sy­ny et­me­giň, ukyp-ze­hi­niň bi­len hal­ka be­ril­me­giň nus­ga­sy­na öw­rü­len, döw­re­bap we uzak gel­je­ge ni­ýet­le­nen sy­ýa­sy pä­him­le­ri açyp gör­kez­ýän ro­man­la­ry, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz­den, me­de­ni mi­ra­sy­myz­dan, hal­kyň ru­hy gen­ji-ha­zy­na­syn­dan söz aç­ýan aja­ýyp yl­my-çe­per eser­le­ri – Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­zan, dö­re­den her bir ki­ta­by dur­mu­şy­my­za da­hyl­ly we örän peý­da­ly ma­ny­la­ry özün­de sak­la­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty, dö­re­den aja­ýyp ýol-ýö­rel­ge­le­ri bu gün dün­ýä dol­ýar. Hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy, ju­da baý mil­li we ede­bi gym­mat­lyk­la­ry­myz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­tap­la­ryn­da özü­niň çuň­ňur be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Aga­ju­ma GUR­DOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.