Arabika kofesiniň bir funtunyň bahasy 3 dollara çenli ýokarlanyp, 2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Muňa Nýu-Ýork biržasyndaky söwda maglumatlary güwä geçýär.

Dünýäde kofe öndürmek boýunça öňdebaryjy ýurt bolan Braziliýa guraklyk sebäpli mümkinçilikleriniň ep-esli bölegini ýitirene meňzeýär. Maglumatlara görä, şu möwsüm arabika kofesiniň önümçiligi peselipdir.  Bu barada “Trading Economics” neşiri habar berdi.

Bilermenleriň bellemegine görä, Braziliýada soňky ýagyşlara garamazdan, topragyň çyglylygy ýeterlik däl. Bu, hasylyň ösüşine päsgelçilik döredip, indiki ýylyň hasylyny hem howp abandyryp biler diýip, bilermenler belleýärler.

“StoneX” maslahat beriş guramasynyň barlaglaryna görä, 2025-2026-njy ýyllarda Braziliýanyň kofe hasyly 60 kilogramlyk haltadan 65,6 million halta öndüriler, bu öňki tapgyrdan 0,4 göterim pesdir. Garaşylyşy ýaly arabika hasylynyň ýylda 10,5 göterim, ýagny, 40 million halta çenli azalmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, 2023-2024 ýyllaryň möwsüminde global kofe eksporty, takmynan, 12 göterim ösdi.