Saud Arabystanynyň paýtagtynda ilkinji gezek metro işe başlady. Bu barada “TV BRICS” teleýaýlymy habar berýär. Er-Riýad metrosy ýolagçylar üçin 1-nji dekabrda işe başlady. Birinji tapgyrda alty liniýanyň üçüsi boýunça otly gatnawy başlady. Galan üç şahasy 15-nji dekabrdan başlap tapgyrlaýyn işe giriziler.

Metro stansiýalarynda meşhur heýkeltaraşlar tarapyndan döredilen dürli heýkelleriň ýerleşdirendigi sebäpli medeni gözel ýere öwrülendigi bellenýär. “Bu sungat eserleri, Er-Riýady gündelik durmuşymyzy baýlaşdyrýan we jemgyýet bilen döredijiligiň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirýän galereýa öwürmek baradaky tagallalarymyzy ýüze çykarýar – diýip, “Riyadh Art” jemgyýetçilik sungaty maksatnamasynyň arhitektory we ýerine ýetiriji direktory Halid Al Al Hazani aýtdy.

Metro taslamasy 2012-nji ýylda tassyklandy. Er-Riýad metrosy 85 stansiýany öz içine alar. Soňky ýyllarda Saud Arabystanynyň paýtagtynyň awtoulag ýollarynda ulag dyknyşyklary has-da artýar. Bu ýagdaý işjeň alnyp barylýan gurluşyklaryň, ýaşaýjylaryň sanynyň köpelmegi we jahankeşdeleriň köpelmeginiň netijesinde bolup geçýär. Bu metro Er-Riýaddaky ulag dyknyşyklaryny 30 göterim azaldar diýlip garaşylýar.