Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ýaşap ýören iň uzak ýaşly erkek kişi derejesine 1912-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda dünýä inen Braziliýada ýaşaýan 112 ýaşy arka atan Žoao Marina Neto mynasyp boldy. Ol bu ada Beýik Britaniýada ýaşaýan deň-duşy bolan Jon Tinniswud golaýda aradan çykandan soň eýe boldy. Bu barada MIR 24 habar berýär. Ýaşuly adam şu ýylyň 1-nji dekabrynda 112 ýyl 57 gün ýaşady. Mundan ozal bu ýaşuly Braziliýada, şeýle hem Latyn Amerikasynda iň uzak ýaşly kişi hasaplanýardy. Garry adam fermerleriň maşgalasynda dünýä inip, ol 4 ýaşyndan başlap öz kakasyna kömek edip, mal bakmak, şeýle hem baglarynyň hasylyny ýygyşmak bilen meşgullanar eken. Onuň maşgalasy bolan Žozefa Albano duş Santuşdan 4 sany ogul perzendi dünýä inýär. Şeýle hem ikinji gelninden 3 ogly bolýar. Häzirki wagtda ýaşulynyň 6 sany ogly ýaşap ýör. 22 agtygyň, 15 çowlugyň we 3 ýuwlugyň eýesi bolan braziliýaly goja daýhançylyk bilen meşgullanyp, mekgejöwen, noýba ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda iri şahly mallary, geçi, doňuz we towuklarynyň sanyn hem köpeldýär. Ýaşuly adam ňzüniň uzak ýaşamagynyň syryny ýagşy ynsanlaryň arasynda ýaşandygy bilen düşündirýär. Şeýle hem şol bir wagtyň özünde häzirki wagtda uzak ýaşly zenan maşgalalaryň arasynda hem öňdeligi eýeleýän zenan Ýaponiýada ýaşaýan 116 ýaşly Tomiko Itookadyr.
Mährem BABAMYRADOWA,
TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy