2-nji dekabrda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda BMG-niň çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýasynyň (UNCCD) gatnaşyjylarynyň maslahatynyň XVI mejlisi (COP16) öz işine başlady. Mejlisde ýerleri dikeltmek we gurakçylyga garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça global tagallalar barada maslahat ediler.
Mejlis 13-nji dekabra çenli dowam eder we “Biziň Ýerimiz. Biziň geljegimiz” şygary bilen geçiriler. Bu BMG-niň ýer ätiýaçlyklaryna we BMG-niň çölleşmäge garşy göreş konwensiýasynyň gatnaşyjylarynyň Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrika sebitinde geçirilýän ilkinji maslahatydyr.
BMG-niň çölleşmäge garşy göreş konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Ybraýym Tiýao maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda ýerleri dikeltmegiň möhümdigi barada durup geçip, howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygynyň bolmazlygy, ykdysady deňsizlik, mejbury migrasiýa we hatda global durnuksyzlyk ýaly döwrümiziň iň möhüm meselelerini çözmek üçin maslahatyň iň täsirli gurallaryň biri bolup durýandygyny belledi. Ýerine ýetiriji sekretar, 2050-nji ýyla çenli 7,5 milliard adama gurakçylygyň täsir etjekdigini belläp, gyssagly çäre görmäge çagyrdy.
Saud Arabystanynyň daşky gurşaw, suw ätiýaçlyklary we oba hojalyk ministri Abdullahman bin Abdulmohsen Alfadli hem öz gezeginde, 100 million gektar ýer, tokaý we öri meýdanlarynyň ýitmegi netijesinde, her ýylda 3 milliarddan gowrak adamyň ýerleriň ýaramazlaşmagyndan ejir çekýändigini aýtdy.
Maslahata gatnaşyjylaryň ýerleri dikeltmek, olaryň guraklyga we çäge tupanlaryna çydamlylygyny ýokarlandyrmak, topragyň hilini dikeltmek we 2030-njy ýyla çenli we ondan soňky döwürde tebigy ýagdaýlary nazara alyp, azyk önümçiligini giňeltmek barada köpçülikleýin çäreler barada karar kabul etmeklerine garaşylýar.