Wenanyň meşhur “Würstelstand” kolbasa dükançalary Awstriýanyň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde resmi taýdan ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
“Würstelstand” onlarça ýyl bäri ýerli ýaşaýjylaryň we jahankeşdeleriň ýygnanýan ýeri bolup durýar. Dükançalar özüniň erkin, myhmansöýer we hoşniýetli hal-howasy bilen giňden tanalýar. Mundan başga-da, olar dürli jemgyýetçilik gatlaklaryna degişli şäherlileriň birleşmeginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Bu dükançalaryň Awstro-Wengriýa imperiýasy döwrüne uzaýan taryhy bar. Ýerli ýaşaýjylar kolbasa dükançalaryny diňe bir garbanmak üçin ýer däl-de, şadyýanlygyň we medeniýetiň jemlenen ýeri hökmünde baha berýärler. Ilkinji kolbasa dükançalary Birinji jahan urşy gutarandan soň gazanç etmegiň ýollaryny gözleýän öňki esgerler tarapyndan açylýar. Mysal üçin, şäheriň iň köne dükançasy “Würstelstand Leo” 1928-nji ýyldan bäri hyzmat edýär. 1969-njy ýylda degişli ygtyýarnama berlenden soňra şeýle dükançalaryň sany has-da artdy.
-Biziň kolbasa dükançalarymyzyň ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy şäherimiziň däplerine, myhmansöýerligine we köpdürlüligine hormatyň alamatydyr – diýip, şäher häkimi Mihael Lýudwig belledi.