Ga­dy­my Gün­do­ga­ryň ta­ry­hyn­da aý­ra­tyn or­na my­na­syp bo­lan saz sun­ga­ty­nyň şi­rin­li­gi, aja­ýyp­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nan nus­ga­la­ry adam­zat geç­mi­şi­niň bü­tin do­wa­myn­da özü­niň kä­mil­lik ýo­lu­ny ge­çip­dir. Bu aja­ýyp sun­ga­tyň nag­ma­la­ry müň gow­ga­ly ga­dy­my ene top­ra­gyň çar kün­jü­ne ýaý­rap­dyr. Türk­men hal­ky­nyň we onuň pe­der­le­ri­niň ta­ry­hy, me­de­ni mi­ra­sy umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Mil­li me­de­ni mi­ra­sy çuň­ňur der­ňe­mek bi­len biz sö­züň giň ma­ny­syn­da ga­dym­dan göz­baş alan saz sun­ga­ty­my­zy, şol san­da mil­li saz gu­ral­la­ry­my­zy bir­gez be­ýi­ge gal­dyr­ýa­rys. Şo­nuň üçin ar­heo­lo­gi­ýa yl­myn­da “saz­ly ar­heo­lo­gi­ýa” adal­ga­sy-da dö­re­di­len­dir.
Bi­ziň şu ýaz­gy­myz­da ünsi çek­mek is­le­ýän me­se­lä­miz iň ga­dy­my eý­ýam­lar­dan dür­li toý-baý­ram­la­ryň, şat­lyk-şa­ga­laň­la­ryň be­ze­gi bo­lup ge­len şi­rin owaz­ly ar­fa­dyr. Ta­ry­hy­myz­da ar­fa­nyň türk­men şa­la­ry­nyň we sol­tan­la­ry­nyň köşk­le­rin­de ýaň­la­nan­dy­gy­ny su­but ed­ýän en­çe­me deliller bar. Iň ga­dy­my eý­ýam­lar­dan bä­ri saz gu­ral­la­ry üç to­pa­ra bö­lü­nip­dir: ka­kyl­ýan, üf­le­nil­ýän we ki­riş­li gu­ral­lar. Ar­fa – ga­dy­my saz gu­ra­ly hök­mün­de ki­riş­li to­pa­ra gir­ýär. Bu saz gu­ral­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň agaç­dan ýa­sa­lan­dy­gy ha­ky­da­myz­da asyr­lar bä­ri sak­la­nyp gel­ýär.
Ge­çen asy­ryň alt­my­şyn­jy ýyl­la­ryn­da aka­de­mik S.P.Tols­to­wyň (1907-1976 ý.) ýol­baş­çy­ly­gyn­da “Ho­rezm yl­my-bar­lag eks­pe­di­si­ýa­sy” Go­ýun­gyr­lan ga­la­da (bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan ozal­ky IX, bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň IV asy­ry) ar­heo­lo­gi­ýa ga­zuw­la­ry­ny alyp ba­ryp­dy. Ar­heo­log M.G.Wo­rob­ýo­wa ta­ra­pyn­dan ta­py­lan to­ýun gap­la­ryň bi­rin­de ar­fa­nyň şe­ki­li çe­ki­lip­dir. Ol bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ta­py­lan ar­fa şe­kil­li ke­ra­mi­ki gap­la­ryň iň ga­dym­ky­sy sa­ýyl­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ta­ry­hy ge­og­ra­fi­ýa bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki çäkleri De­mir­ga­zyk Ho­ra­san, Ho­rezm, Bakt­ri­ýa we Gir­ka­ni­ýa­nyň ýer­le­ri­ne de­giş­li bo­lup­dyr. Asyr­la­ryň aş­ma­gy bi­len ara­çäk­ler üýt­gäp­dir, ozal­ky sy­nan döw­le­tiň ýe­ri­ne, tä­ze döw­let dö­räp­dir. Em­ma ta­ry­hy-me­de­ni we­la­ýat­lar öz gör­nü­şi­ni seý­rek üýt­ge­dip­dir. Müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da eme­le ge­len hem-de kä­mil­le­şen dur­muş ýö­rel­ge­si, edim-gy­lym­lar, me­de­ni­ýet we sun­gat il­ki­baş­da­ky ýag­da­ýy­ny sak­la­ma­ga ym­ty­lyp­dyr.
Şeý­le­lik bi­len, ikin­ji ar­fa­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­len daş pli­ta grek-bakt­ri­ýa sun­ga­ty­nyň aja­ýyp ýa­dy­gär­li­gi bo­lan Aý­ra­taş­dan (Öz­be­gis­ta­nyň Ter­mez şä­he­ri­niň go­la­ýy) ta­pyl­dy. Bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň I asy­ry­na de­giş­li bo­lan ol daş pli­ta­da go­ly ar­fa­ly sa­zan­da­lar şe­kil­len­di­ri­len. Üçün­ji ar­fa Pen­ji­kent­den ta­py­lyp,VIII asy­ryň baş­la­ry bi­len se­ne­le­nip, hal­ka gör­nü­şin­de ýa­sa­lyp­dyr. Bu­lar Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ar­fa saz gu­ra­ly­nyň mes­ge­ni­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Ho­rezm­dä­ki Top­rak­ga­la köş­gün­de (III-VI asyr­lar) ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň bi­rin­de alym­lar örän aja­ýyp, dür­li reňk­li di­war na­gyş­la­ry­nyň üs­tü­ni aç­dy­lar. On­da sa­zan­da gyz­la­ryň üçü­si şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Bi­ri do­kuz ki­riş­li, burç­ly ar­fa­da, beý­le­ki­si iki ki­riş­li lýut­ny gu­ra­lyn­da, üçün­ji­si bol­sa, gum sa­ga­da meň­zeş iki ta­rap­la­ýyn dep­rek­de saz çal­ýar­lar. Bel­li ar­heo­log Ý.A.Rap­po­por­tyň ýer­lik­li nyg­taý­şy ýa­ly, Top­rak­ga­la Ku­şan­lar (I-IV asyr­lar) me­de­ni­ýe­ti­niň we şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky iň aja­ýyp ýa­dy­gär­li­gi­dir.
Meş­hur alym N.Ti­ho­now ar­fa­nyň iň ga­dy­my şe­ki­li­niň bäş müň ýyl bi­len se­ne­len­ýän­di­gi­ni hem-de onuň gur­lu­şy­nyň üýt­ge­män­di­gi­ni bel­le­ýär. Ol küý­ze dö­wü­gi­niň bö­le­gin­de şe­kil­len­di­ri­len ar­fa­nyň hä­zir­ki za­man ar­fa­sy­na ga­bat gel­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Bel­li iň­lis ar­heo­lo­gy L.Wul­li (1880-1960 ý.) 1922-1934-nji ýyl­lar­da Me­so­po­ta­mi­ýa­da­ky Ur­da ar­heo­lo­gi­ýa bar­lag­la­ry­ny ge­çi­ren­de, bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan ozal­ky III müň­ýyl­ly­ga de­giş­li ýe­di sa­ny ar­fa­ny ýü­ze çy­kar­dy. Ar­fa­la­ryň iki­si kü­müş­den, ga­lan­la­ry bol­sa, gym­mat ba­ha daş­lar, al­tyn-kü­müş we kü­müş­söw reňk bi­len be­ze­len agaç­dan ýa­sa­lyp­dyr. Sö­züň do­ly ma­ny­syn­da aly­myň ta­pyn­dy­sy “saz ar­heo­lo­gi­ýa­sy­nyň”, umu­man, saz sun­ga­ty­nyň ta­ry­hyn­da XX asy­ryň iň uly açy­şy­dyr.
Il­kin­ji Ýü­pek ýo­lu­ny açan hy­taý­ly Çžan Sýan Par­fi­ýa pa­ty­şa­ly­gy­na (b.e. ozal­ky 245 – b.e. 224 ý.) il­çi bo­lup ge­lip­dir hem-de öz gö­ren-eşi­den­le­ri­ni ha­sa­ba­tyn­da be­ýan edip­dir. Aý­ra­tyn-da, ol şeý­le ýa­zyp­dyr: “Ol ýer­de otu­rym­ly ýa­şa­ýar­lar we eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Bug­daý we şa­ly ek­ýär­ler, üzüm­den ça­kyr ýa­sa­ýar­lar”. Bi­ziň çuň­ňur ynan­jy­my­za gö­rä, Çžan Sýan “ke­se fleý­ta” bi­len bir­lik­de, ar­fa bi­len hem öz il­deş­le­ri­ni ta­nyş­dy­ran bol­ma­ly. Se­bä­bi ar­fa ha­kyn­da bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan ozal­ky II asy­ra de­giş­li hy­taý se­ne­na­ma­la­ryn­da (“ne­be ýaz­gy­la­ryn­da”) “Dik we ke­se­le­ýin kun­hou” (burç­ly we hal­ka ar­fa) ha­kyn­da ýat­la­nyl­ýar. On­so­ňam Çžan Sýa­nyň “ça­kyr ýa­sal­ýan ýer” hök­mün­de Nu­sa­ýy (şol san­da Büz­me­ýi­ni) göz öňün­de tu­tan­ly­gy ar­heo­lo­gi­ýa yl­myn­da ýa­rym asyr mun­dan ozal, yk­rar edil­di.
Şun­luk­da, sy­ýa­hat­çy­nyň ar­fa­ny hem hy­taý­ly­la­ra ta­na­dan­ly­gy hem-de bu saz gu­ra­ly­nyň ga­dy­my dün­ýä­niň uly döwleti Par­fi­ýa­da ýa­sa­lan­ly­gy şüb­he­siz­dir.

Bä­şim AN­NA­GUR­BA­NOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk
ba­ra­da­ky Döw­let ko­mi­te­ti­niň okuw-usu­ly­ýet mer­ke­zi­niň hü­när­me­ni.