Hormatly Prezidentimiziň döredýän her bir eseriniň häzirki zaman dünýä medeniýetinde uly orna eýe bolýandygyny hemmeler ykrar edýär. Gahryman Arkadagymyzyň merdana halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhyndan, milli mirasyndan, edebi, medeni gymmatlyklaryndan we beýleki dürli ugurlaryndan söhbet açýan kitaplary täze faktlara baýdygy bilen dünýä okyjylarynyň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň täzelikde okyjylara gowşup, çuňňur söýgä eýe bolan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hem şeýle möhüm gymmatlyklara, täze pikirlere eýedir. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny janlandyrýan maglumatlara hem-de rowaýatlara giň orun berilýän kitap geçmişe şu günüň nazaryýeti bilen garamaga giň ýol açýar. Onda ata Watanymyzyň dünýäde dabaralanýan dostana gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň gözbaşlary hakynda gyzykly söhbet edilýär.
Beýik Ýüpek ýoly miladydan öňki II asyrda Hytaýdan başlanypdyr. Goja taryhymyzda galan ýazgylar Türkmenistanyň çäginden bu gadymy ýoluň ençeme şahalarynyň geçendigini beýan edýär. Ol Hytaýy Rim bilen baglanyşdyrypdyr, siwilizasiýalaryň we döwletleriň arabaglanyşygyny üpjün edipdir. Türkmenistan XVI asyra çenli Beýik Ýüpek ýolunyň esasy halkasynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda geçmişiň şanly taryhyny alnymyzda açýar. Alty bölümden ybarat bolan kitabyň her bir bölüminde häzirki döwürde uly ösüşlere eýe bolýan welaýatlarymyzyň gadymy taryhy, olaryň dürli ugurlardaky ösüşi beýan edilýär.
Kitabyň birinji bölümi “Jeýhunyň ýakasy” diýlip atlandyrylyp, ol ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Lebap welaýatynyň taryhy, medeniýeti barada gürrüň berýär. Onda Amulyň, Köýtendagyň, Amyderýanyň kenaryndaky beýik şäherleriň, türkmenleriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda gatnaşyklaryndaky orny barada söhbet açylýar.
Gadymy Merw – ýurdumyzyň şanly taryhy, dünýä medeniýetiniň altyn ojaklarynyň biridir. Kitabyň ikinji bölümi “Gadymy Merw” diýlip atlandyrylypdyr. Taryhda Amuldan günbatara çykýan ýol bu gadymy künjege gelipdir. Gadymda “Hijazda Mekge, Horasanda Merw şäherleriň enesidir” diýen beýik aňlatma eýe bolan Merw söwda we medeni gatnaşyklaryň ösen künjegi bolupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ýakasyny syryp, bu künjege gelen täjirler medeniýetleriň birleşmeginde uly hyzmatlary bitiripdirler.
Beýik Ýüpek ýoly Merwden gadymy Ahal ýaýlasyna tarap, ýagny Sarahsa tarap uzapdyr. Orta asyrlaryň iň iri şäherleriniň biri bolan Sarahs bilen Änew aralygynda söwda gatnaşyklary dabaralanypdyr. Şonuň üçin kitabyň üçünji bölümi “Sarahs bilen Änewiň aralygynda” diýlip atlandyrylyp, onda bu şäherlerden dünýä ýurtlaryna uzan gatnaşyklar dogrusynda giň düşünje berlipdir.
Kitabyň dördünji bölümi “Nusaýdan Dehistana çenli” diýlip atlandyrylýar. Onda antik döwrüniň iň kuwwatly döwletleriniň biri bolan Parfiýanyň şöhratly taryhy hakynda söhbet açylýar. Nusaý, Dehistan, Hazar deňzi gadymy döwürde kerwen ýolunyň esasy ugry hökmünde belli bolupdyr.
Kitabyň bäşinji bölümi “Daşoguzyň gadymy topragynda” diýlip atlandyrylyp, onda gadymy Daşoguz topragynyň dünýä ýaň salan şanly taryhy, medeniýeti, taryhy ýadygärlikleri, şäher medeniýetiniň durmuşynda möhüm rol oýnan kerwen ýollaryndaky gatnaşyklar hakynda gürrüň berilýär. Kitabyň “Ertekiler dünýäsinde” diýlip atlandyrylan altynjy bölüminde nesilleri öz topragynyň ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolan ertekiler hakynda gymmatly pikirler öňe sürülýär.
Öz döwründe Beýik Ýüpek ýoly Günbataryň we Gündogaryň özara gatnaşygynda uly orny eýeläp, harytlaryň söwdasyna, ylym we bilimleriň, medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryň ýaýramagyna uly itergi beripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ugurlary syýasy ylalaşygyň, özara düşünişmegiň, ykdysady diplomatiýanyň möhüm serişdesi bolupdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyçlary bilen hemişelik Bitarap ýurdumyzyň parahatçylygy söýüjilik syýasaty barha dabaralanýar. “Açyk gapylar” syýasatyna eýerýän ýurdumyzda parahatçylykly gatnaşyklarymyz dünýä giňişliginde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistan – Hytaý transmilli turba geçirijisiniň we Türkmenistan – Eýran ugry boýunça ikinji gaz geçirijisiniň işe girizilmegi, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy, guryýer ulaglary, suw ulaglary, howa ulaglary babatda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde giň mümkinçilikleriň döredilmegi, “Demirgazyk – Günorta”, “Günbatar – Gündogar” ugurlary boýunça bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan uly möçberli işler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda täze işleri durmuşa geçirmek babatdaky çemeleşmeleriň uly ösüşlere eýe bolýandygyny görkezýär.
Milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby geçmiş taryhymyzy, ynsanperwer gatnaşyklarymyzy, şu günümiziň ösüşlerini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýedir.
Mahbuba GAFUROWA,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň uly mugallymy.