Iki ýurduň arasyndaky ýokary derejedäki saparlar döwletara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirdi. Russiýanyň Prezidenti 2012-nji ýylda Iordaniýada saparda bolupdy. 2001-2014-nji ýyllar aralygynda Iordaniýanyň Patyşasy 13 gezek Russiýada saparda boldy. Soňky gezek Patyşa Abdalla II rus kärdeşi Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Russiýada iş saparynda bolupdy.
Russiýa bilen Iordaniýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar ýylyň-ýylyna işjeňleşýär. Bu ugurda rus-iordan hökümetara ykdysady toparyň işine uly ähmiýet berilýär. 2005-nji ýylda rus-iordan işewür geňeşi döredildi. Iordaniýa Russiýanyň Ýakyn Gündogardaky esasy söwda hyzmatdaşydyr. 2017-nji ýylda haryt dolanyşygy 96,8 million dollara deň boldy. Russiýa Iordaniýa köp mukdardaky azyk önümleri bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyna degişli çig mallary hem iberýär. Şeýle-de himiýa senagaty, kagyz önümleri, ulag, dürli enjamlar ugradylýar. Iordaniýadan Russiýa bolsa, dokma önümleri, aýakgap we beýleki önümler iberilýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga has köp ähmiýet berilýär. Bu ugurda köp milliardlyk taslamalar durmuşa geçirilýär. Iordaniýa öz gezeginde Russiýadan suwuklandyrylan gaz satyn almaga hem gyzyklanma bildirýär. Mundan başga-da, rus hünärmenleri Iordaniýanyň çäklerindäki nebit we tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmek işlerine hem çekilýär.