Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da de­mok­ra­tik esas­lar bar­ha çuň­laş­dy­ryl­ýar. Hu­kuk me­de­ni­ýe­ti we işi has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Hal­ky­my­zyň we her bir ra­ýa­tyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li öz­gert­me­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Al­nyp ba­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li şeý­le iş­le­riň bi­ri hem Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny we äh­mi­ýe­ti­ni güýç­len­dir­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da ýerine ýetirilýän iş­ler­dir. Kons­ti­tu­si­ýa Esa­sy Ka­nun bol­mak bi­len, beý­le­ki ada­ty ka­nun­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Il­ki bi­len, Kons­ti­tu­si­ýa iň ýo­ka­ry hu­kuk güý­jü­ne eýe bo­lan ka­nun­dyr. Bu ka­da­lar Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň mad­da­la­ryn­da aý­ra­tyn bel­le­nil­ýär.

Ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na gö­rä kä­mil­leş­dir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Tä­ze ka­nun­lar Wa­ta­ny­my­zy dep­gin­li ös­dür­mä­ge, ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li oňyn baş­lan­gyç­la­ryň öze­nin­de halk we umu­ma­dam­zat bäh­bit­ler göz öňün­de tu­tul­ýar.

Mil­li ka­nun­çy­ly­gyň bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýän döw­rün­de äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, hu­kuk ul­ga­my­na hem san­ly ul­gam giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi, bir ta­rap­dan, döw­le­tiň döw­re­bap hu­kuk ösü­şi­ni ala­mat­lan­dyr­sa, beý­le­ki ta­rap­dan, ra­ýat hu­kuk gat­na­şyk­la­ry­na gat­na­şy­jy­la­ryň iş­le­ri­ni ep-es­li ýe­ňil­leş­dir­ýär. Mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­ny san­ly ul­gam­dan peý­da­lan­mak ar­ka­ly do­lan­dy­ryş önüm­çi­li­gi­niň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da gör­mek bol­ýar.

Şun­dan ugur al­nyp, ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk işi­ni ösen döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk has-da kä­mil­leş­dir­mek, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­za or­naş­dyr­mak bi­len bag­ly we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ile­ri tu­tul­ýan ug­ra öw­rül­ýär. Şun­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan we iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bo­lan par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni dö­ret­mek, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ne mah­sus bo­lan en­çe­me ins­ti­tut­la­ry türk­men jem­gy­ýe­ti­ne or­naş­dyr­mak, şeý­le hem yn­san­per­wer­li­giň jem­gy­ýet­de tut­ýan or­nu­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, hu­kuk ul­ga­my­nyň ýur­du­myz, hal­ky­myz üçin bäh­bit­li bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan ugur alyp, döw­le­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ry bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi döw­le­ti gur­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­ti, yl­my, me­de­ni­ýe­ti hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek, yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny önüm­çi­li­ge giň­den or­naş­dyr­mak, ila­tyň ýo­ka­ry ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni üp­jün et­mek hem-de da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek ýa­ly mak­sat­la­ra ýet­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Ýur­du­myz­da adam hu­kuk­la­ry, azat­lyk­la­ry, ka­nu­nyň rüstemligi, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň äh­lu­mu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ma­gy yk­rar edil­ýär, döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, döw­re­bap hu­kuk öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.

30-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ýe­din­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň ýe­din­ji mas­la­ha­tyn­da hem «Türk­me­nis­ta­nyň Ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry ha­kyn­da Ko­dek­si­ne goş­ma­ça we üýt­get­me gi­riz­mek ha­kyn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na goş­ma­ça­lar we üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da», «Da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da pu­ly ka­da­laş­dyr­mak we pu­la gö­zeg­çi­lik et­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na goş­ma­ça we üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça gi­riz­mek ha­kyn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da», «Dip­lo­ma­tik gul­luk ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na goş­ma­ça gi­riz­mek ha­kyn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy. Üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan ka­nun­çy­lyk öz­gert­me­le­ri esa­syn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­ýän ösen sy­ýa­sy ul­ga­my, özyg­ty­ýar­ly döw­let hök­mün­dä­ki ab­ra­ýy bar­ha be­len­de gö­te­ril­ýär, jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan adam hu­kuk­la­ry­nyň hem-de azat­lyk­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy bar­ha ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün edil­ýär.

Gül­na­ra ATA­ÝE­WA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.