Fransiýanyň çempionatynda PSŽ-de ýagdaý o diýen öwerlikli däl. Çempionatda bassyr 2-nji, umumylykda 4-nji gezek deňme-deň bolan parižliler utuk ýitirmegini dowam edýär. Öz meýdançasynda “Oser” toparyny kabul eden PSŽ golsuz deňme-deň oýnady. Duşuşykda Luis Enrikeniň şägirtleri derwezä tarap 11 takyk urgy geçirdiler. Ýöne olaryň hiç biri-de tora girmedi. Çempionatda entek ýeňlip görmedik PSŽ toparyna ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 3 oýunda bäri ýeňiş gazanmak başardanok. Parižlileriň indiki oýny UÇL-niň çäginde 10-njy dekabrda bolup, olar myhmançylykda “RB Salsburg” bilen duşuşar.

Gollarynyň sany 100-den geçdi

Çempionatyň 12-nji tapgyrynyň açylyş duşuşygynda “Lill” öz meýdançasynda “Bresti” 3-1 hasabynda ýeňdi. Ýer eýeleriniň 2 goluny Jonatan Dewid (7 p, 69), beýleki goly-da onuň pasy bilen Haraldsson (4) geçirdi. Kanadaly hüjümçi Dewidiň “Lill” toparyndaky gollarynyň sany 100-den geçdi.