Se­na­gat taý­dan ösen ýurt­la­ryň bir bo­lan Ýa­po­ni­ýa­nyň ila­ty soň­ky ýyl­lar­da art­ma­gyň de­re­gi­ne azal­ýar. Şeý­le bo­lan­soň ýur­duň hö­kü­me­ti, ýer­li hä­ki­mi­ýet­ler we hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar ýö­ri­te mak­sat­na­ma­lar taý­ýar­lap, mu­nuň öňü­ni al­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. To­kio­nyň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti gel­jek ýy­lyň ap­rel aýyn­dan baş­lap, dört gün­lük iş hep­de­si­ne ge­çil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Ýer­li hä­ki­mi­ýe­tiň ýol­baş­çy­la­ry ça­ga­ly iş­gär­le­ri­ne maş­ga­la­la­ry­na wagt aýyr­mak­la­ry mak­sa­dy bi­len şeý­le ka­ra­ra ge­lip­dir. Tä­ze düz­gü­ne gö­rä, 3-nji syn­pa çen­li baş­lan­gyç synp­da oka­ýan ça­ga­sy bo­lan iş­gär­ler iş­den ir gaý­dyp bi­ler­ler. Şeý­le-de bol­sa, ola­ryň gys­gal­dy­lan iş wag­ty üçin zäh­met ha­ky azal­dy­lar. To­kio­nyň hä­ki­mi Ýu­ri­ko Koi­ke ça­ga edin­mek ýa-da ola­ra ideg et­mek is­le­ýän­le­riň kar­ýe­ra­syn­dan geç­mä­ge mej­bur bol­maz­ly­gy­ny ýo­la goý­mak is­le­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Ol şu mak­sat bi­len iş şert­le­rin­dä­ki çe­ýe­li­ge gaý­ta­dan se­ret­jek­dik­le­ri­ni bel­le­di.
Ýurt­da mun­dan ozal hem maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­ny sak­la­mak üçin dür­li mak­sat­na­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ri­lip­di.
Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, ýurt­da öm­rüň do­wam­ly­ly­gy­nyň uzal­ma­gy hem-de ça­ga dog­lu­şy­nyň azal­ma­gy se­bäp­li de­mog­ra­fi­ýa üýt­ge­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýurt­da 65 ýaş­dan ulu­la­ryň sa­ny 36 mil­li­on 227 mü­ňe, 75 ýaş­dan ýo­ka­ry ila­tyň sa­ny 20,08 mil­lio­na ýe­ten bol­sa, 14 ýaş­dan ki­çi­le­riň sa­ny 14 mil­li­on 173 mü­ňe çen­li aza­lyp­dyr.
Bü­tin­dün­ýa ban­ky­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen ýyl ýurt­da ze­nan­la­ryň 55 gö­te­ri­mi, er­kek­le­riň 72 gö­te­ri­mi iş­çi güý­jü­ne go­şu­lyp­dyr.