Amerikan şahyry Tomas Sternz Eliot 1888-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde dünýä inýär. Ol maşgalada ýedi çaganyň iň kiçisi bolupdyr. Onuň ata-babalaryndan Wilýam Grinlif Eliot Sent-Luisdäki Waşington uniwersitetiniň esaslandyryjysy, eje tarapyndan bolsa, Aýzek Sternz Massaçusets ştatyna ilkinji göçüp gelenleriň biridir. Eliotyň kakasy Genri Uer Eliot baý senagatçy, ejesi Şarlotta Sternz hem zehinli zenan bolup, Wilýam Grinlif Eliotyň terjimehalyny, şeýle hem “Sawanorola” dramasyny goşgy bilen ýazypdyr.
Eliot Sent-Luisdäki hususy mekdebi tamamlap, bir ýyllap hususy Massaçusets kollejinde okaýar we 1906-njy ýylda Garward uniwersitetine girýär. Zehinli, üýtgeşik ukyply Eliot uniwersitetiň okuw meýilnamasyny üç ýylda tamamlaýar we dördünji kursda magistrlik diplomyny alýar. Ol şu döwürde “Harvard Advocate” žurnalyna goşgy ýazýar we 1909-1910-njy ýyllarda bu žurnalyň redaktory bolýar. Soňra ol Pariže gidip, Sorbonnedäki nutuga gatnaşýar, fransuz edebiýatyny, ozaly bilen bolsa, şahyr-simwolistleriň şygyrlaryny düýpli öwrenýär. Ol heniz Garwardda okap ýörkä simwolizm bilen gyzyklanyp, öz ösüşine güýçli täsir eden şahyr-simwolist Žýul Laforgyň we Artur Saýmonsyň “Edebiýatda simwolizmiň hereketi” atly kitabyny okaýar. 1911-nji ýylda Garwarda dolanyp, iňlis filosof-idealisti F.G. Bredli barada dissertasiýa goraýar, sanskrit dilini we buddizmi içgin öwrenýär. Ol Şeldon talyp haky bilen ilki Germaniýa, soňra Angliýa gidip, ol ýerde Oksforduň, Bredliniň sapak beren ýeri Merton kollejinde filosofiýany öwrenýär. Eliot uzak ýaýdanjaňlyk we şübheden soňra özüni edebiýata bagyşlamagy ýüregine düwýär we dissertasiýa goramak üçin Garward uniwersitetine dolanmaýar. Ol Londonda galýar we goşgy ýazmak bilen meşgullanýar. Şahyr Ýezra Paundyň ýardamy bilen olaryň käbiri 1915-nji ýylda neşir edilýär. Ol gününi aýlamak maksady bilen bir ýyllap mugallymçylyk edýär, soňra “Lloýde” bankynda gullukçy bolup işe durýar.
Ol 1915-nji ýylda Wiwen Heýwuda öýlenýär. Olar 19 ýyl bilelikde ömür sürenlerinden soň, Wiwen näsaglyk tapýar we 1947-nji ýylda psihiatrik hassahanada aradan çykýar. Ol 1917-nji ýyldan 1919-njy ýyla çenli “Egoist” žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary bolup işleýär. Onuň irki goşgulary dürli döwürleýin neşirlerde, şol sanda, 1915-nji ýylda Ýezra Paundyň “Katolik antologiýasynda” peýda bolýar. Eliotyň iki şahyrana ýygyndysy “Prufrok we beýleki gözegçilikler” we “Şygyrlar” atly şahyrana ýygyndysy 1917-1919-njy ýyllar aralygynda neşir edilýär. Eliotyň “Alfred Prufrokyň söýgi aýdymy” ilkinji şowly çykan poemasy bolup, amerikan şahyry Jon Berrimen bu eseri häzirki zaman şygryýetiniň seresi hasaplapdyr.
Ol 1919-njy ýyldan başlap “Times Literary Supplement” gazetinde çykyş edip ugraýar. Bu gazetde Eliotyň dünýä edebiýatynyň ägirtleri baradaky birgiden makalalary, şol sanda estetiki eseri “Mukaddes tokaý” (1920) çap edilýär. “Jon Draýdene hormat” (1924) we “Saýlanan esseler” (1924) ýaly eserleri täze tankydy akymyň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr. Onuň köp sanly tankydy garaýyşlary ýylda 4 sapar neşir edilýän “Criterion” žurnalynda giňden beýan edilýär. Ol 1922-nji ýylda uzyn poemalarynyň biri bolan “Hasylsyz ýer” atly poemasyny neşir etdirýär. Eliot 1927-nji ýylda iňlis ybadathanasynyň däpleri boýunça hristian dinine girýär we şol ýyl hem britan raýatlygyny alýar.
“Lanselet Endrýusyň goragynda” essesiniň girişinde ol özi barada käbir ýatlamalary ýazýar. Eliot 30-njy ýyllarda şahyrana drama ýazýar. “Daş” (1934) we “Galadaky ölüm” (1935) teatr sahnalary üçin niýetlenip, “Galadaky ölüm” Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň teatrlarynda sahnalaşdyrylýar. Onuň “Maşgalanyň täzeden birleşmegi” (1939), “Agşamky kokteýl” (1950), “Şahsy sekretar”, “Garry döwlet işgäri” has oňat eserleri hasaplanýar. Onuň “Agşamky kokteýl” atly eseri Atlantikanyň iki tarapynda hem uly üstünlik gazanýar. Onuň 40-njy ýyllarda döredilen “Dört kwartet” (1943), “Býornt Norton” (1941), “Ist Koker” (1940), “Draý Selweýjes” (1941) we “Littl Gidding” (1942) ýaly eserleri has kämil şahyrana eserleri hasaplanýar. Eliot 1948-nji ýylda “Häzirki zaman şygryýetine täzeçil çemeleşmekde gazanan üstünlikleri üçin” Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglanýar. Şwed akademiýasynyň agzasy Enders Esterling Eliotyň şygyrlarynda nesillerimiziň aňyna mäkäm ornaşyp biljek haýsydyr bir täsin güýç bar diýip, belläp geçýär.
Ol 1957-nji ýylda Esme Waleri Fletçere öýlenýär. Şahyr 1965-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda 76 ýaşynyň içinde aradan çykyp, Angliýanyň Somerset graflygynyň Ist-Koker obasynda depin edilýär. Eliot köp baýraklar bilen sylaglanýar. Olaryň arasynda “Hyzmatlary üçin” (1948) britan ordeni, “Hormat legiony” (1954) fransuz ordeni, “Gýote Ganzeý bileleşigi” (1954) ýaly ordenler bar. Eliot 16 sany iňlis, amerikan we ýewropa uniwersitetleriniň hormat derejesi bolup, ol Oksford kollejleriniň geňeşlikleriniň hormatly agzasydyr.
Şahyr ömrüniň dowamynda ýygy-ýygydan Watanyna gidipdir, ýakynlary bilen görşüp durupdyr, nutuklar bilen çykyş edipdir, neşirýat işi bilen meşgullanypdyr. Ol köp sanly amerikan baýraklaryny alypdyr, 1948-nji ýylda Prinstondaky fundamental barlaglar institutynyň ylmy geňeşiniň agzasy hem-de 1947-1954-nji ýyllar aralygynda Amerikan kongresiniň kitaphanasynyň geňeşliginiň agzasy bolýar. Eliotyň döredijiligine bagyşlanan makalalar ol aradan çykandan soň hem dowam edýär. Amerikan tankytçysy Irwin Erenpraýsyň pikirine görä, Eliotyň şygryýeti adamzat ruhunyň jümmüşine aralaşmagy bilen tapawutlanýar. Şahyr biziň iň bir gizlin duýgy-düşünjelerimiziň üýtgäp duran geň-taň tebigatyna oňat düşünip, ony öz usulyýetine görä, beýan edipdir.