Liwerpul uniwersitetiniň psihologlary we newrologlary gyzykly çeper edebiýat okamak beýniniň işjeňligini artdyrýar diýen netijä geldiler. Barlag geçirijiler meýletinçilerden Şekspiriň, Wordswortyň we Eliotyň eserleriniň hakyky we ýönekeýleşdirilen parçalaryny okamagy haýyş etdiler.
Beýniniň her bir täze söze jogap berşi magnit rezonans tomografiýasy arkaly barlanyldy. Alnan şekillerde çylşyrymly söz düzümlerinden ybarat hakyky tekstler beýnide güýçli seslenme döredip, has ýokary işjeňligi talap edendigi we meýletinçilerde okamagyny dowam etdirmäge höwes döredendigi belli bolupdyr.
Şonuň ýaly hem şygyr okamak aýratynam, beýniniň sag tarapyndaky ýarym şary işjeňleşdirýär. Beýniniň sag şarynda awtobiografik ýat bolup, okyja okan zatlarynyň esasynda şahsy tejribe toplamaga ýardam berýändigi äşgär boldy.
– Geçirilen barlaglar edebiýatyň aň-düşünjäni täze belentliklere ýetirmäge, uly-kiçi hemmäniň aňyny ösdürmäge ukyplydygyny subut etdi – diýip, iňlis dili edebiýatynyň professory Filipp Dewid mälim edýär.