UEFA Çempionlar Ligasynda 6-njy duşuşyklaryň çäginde Germaniýada oýnalan başga bir oýunda-da myhmançylykdaky topar ýeňiş gazandy. “Leipsig” bilen “Aston Willanyň” arasyndaky duşuşykda 5 gol hasaba alnyp, şolaryň 3-sini geçiren iňlis kluby Germaniýadan ýeňiş bilen dolandy. Çekeleşikli geçen oýunda 3-nji minutda MakGin myhmanlary öňe saýlady. Ýöne Opendanyň 27-nji minutdaky goly bilen hasap deňlendi. 52-nji minutda Jon Duranyň goly esasynda iňlisler 2-nji gezek öňe geçdi. Bu gola “Leipsig” 10 minutdan soň Baumgartneriň takyk urgusy bilen jogap berdi. Duşuşygyň 85-nji minutynda Ross Barkliniň goly bilen “Aston Willa” 3-nji gezek öňe saýlandy. Ýöne bu gola “Leipsigiň” jogap bermegi üçin wagt ýeterlik bolmady.
Şunlukda, “Aston Willa” 3-2 hasabynda ýeňiş gazanyp, utugyny 13-e çykardy. “Leipsig” topary bolsa garaşylyşyndan juda pes netije görkezip, 6-njy duşuşygynda-da hem ýeňlişe sezewar boldy we ýaryş bilen hoşlaşan ilkinji topar diýlip bellendi. Galan 2 oýunda gazanyljak ýeňişleriň olara hiç hili peýdasy degmez.