Baý tebigaty bolan ýurdumyzyň çäginde dürli janly-jandarlar – ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýdemdirijiler, guşlar, balyklar ýaşaýar. Olaryň köpüsi endemiki, käbir görnüşleri bolsa göçegçi görnüşler bolup, ýylyň belli paslynda ülkämiziň düzlüklerinde düşläp geçýärler. Käbir jandarlar bolsa, hemişelik ýaşaýarlar. Olaryň biri hem hem andatyralardyr. Bu jandarlar uly alaka meňzeş bolup, bedeniniň uzynlygy 23-36 santimetre, guýrugynyň uzynlygy 18-28 santimetr, agramy 2 kilograma barabar bolýar. Andatyralaryň erkekleriniň göwresi urkaçylaryna garanyňda uly bolup, kellesi ulurak, reňki açyk goňrumtyl bolýar. Bu jandarlaryň barmaklarynyň aralary perdeli bolup çalt çalasyn hereket etmäge ukyplydyr. Guýruklary togalak şekilli, tüýli bolup suwuň içinde örän çalasyn hereket edip bilýärler. Andatyralar tüý örtüklerine timar berip, darap, ýaglap durýarlar.
Andatyralara ýurdumyzyň derýalarynda, köllerinde we gamyşly suw howdanlarynda duş gelmek bolýar. Olar dürli ösümlikleriň kökleri, gamyşlar, suw hozjagazlary we beýleki dürli ösümlikler, miweler bilen şeýle-de seýrek ýagdaýda malýuskalar, krewetkalar bilen hem iýmitlenýärler.
Andatyralar topar bolup ýaşaýarlar. Ene andatyralaryň göwreliligi 25-30 gün dowam edip, 7-8 sany çaga dünýä inderýär. Bir ýylyň dowamynda ene andatyralar ençeme gezek köpelýär. Olar köpelenden soňra erkek andatyralar köwekde bolýan wagtlary çagajyklaryna iýmit daşap, iýmläp durýarlar.
Olar tebigatda erkin ýagdaýda 10 ýyla golaý ýaşaýarlar. Andatyralar ýurdumyzyň ähli döwlet tebigy we olaryň çäkli goraghanalarynda goralýar.
Maýsa Berdiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.