Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe zamanamyzyň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ähli türkmenistanlylar üçin ykbal özgerdiji taryhy döwürde ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbitlerini araýan uly işlere badalga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesiniň il-ýurt bähbitli alnyp barylýan işleriň düýp mazmunyna öwrülendigine güwä geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ajaýyp zamanamyzda raýatlarymyz barada edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çuňňur esaslara daýanýan milli maksatnamalara laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar.
Bitaraplyk ýyllary içinde eziz Diýarymyz gurluşyklar mekanyna öwrülip, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ymaratlaryň, binalaryň, köprüleriň, ýollarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ençemeleri gurlup ulanylmaga berildi.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy yglan edildi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa, dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-si «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy ikinji gezek kabul etdi. Şeýlelikde türkmeniň taryhynda täze bir altyn sahypa açyldy. Berkararlyk tuguny parladyp, Bagtyýarlyk aýdymyna hiňlenip, erkinligiň şaýoluna düşen halkymyz eşretli eýýamyň, döwletli döwranyň eýeleri boldular. Hemişelik Bitaraplygyň geçen şöhratly ýollarynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent-belent sepgitlere ýetdiler. Bitaraplyk sözi indi 29 ýyl bäri dillerimiziň senasyna öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýäminiň eşretli günlerinden göwünleri galkynan ulus-ilimiz Bitaraplygyň gadyr gymmatyny belentlerde tutup, sarpaly durmuşymyzyň bagtyýar goýnuna doldular. Şol sebäpli-de türkmen halky bu günki gün Bitaraplygyň näderejede arzylydygyna düşünip, ony mukaddes saýýarlar. Elbetde, taryh üçin şu gysga döwrüň içinde ykdysady taýdan kuwwatlanýan ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy, eziz Diýarymyzda tebigy gazyň, gara we ak altynyň, elektrik togunyň öndürilişiniň ep-esli artdyrylyp, daşary ýurtlara çykarylmagy, özüniň milli aýratynlyklary, täsinlikleri bilen dünýäde meşhurlyga eýe bolan türkmen döwletini parahatsöýüjilikli ýurt hökmünde älem-jahanda meşhurlyga ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly ösüşler amala aşyrylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler dünýäni haýrana goýýar. Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, bag ekmek, ýaşyl zolaklary döretmek ýaly sogap işler ýylyň dowamynda ünsden düşürilmeýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde agaç ekmek ýaly sogap işler her ýylyň bahar we güýz pasyllarynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Obadyr şäherleriň ýaşaýjylary özleriniň ýaşaýan we zähmet çekýän ýerlerinde bag nahallarynyň millionlarça düýbüni oturtdylar. Ýowar günlerinde ekilýän saýaly we miweli agaçlar, owadan güller Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe tebigat baýlyklarynyň üstüni ýetirip, tebigatyň gözelliklerine gözellik goşýar. “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” adyna eýe bolan 2024-nji ýylda bütin türkmen halky Baky Bitaraplygyň şanly 29 ýyllyk toýuny dabaralara besleýärler. Şanly toýa dünýä ýurtlaryndan myhmanlar çagyrylyp, parahatsöýjülikli türkmen halky toýa gatnaşmaga gelen daşary ýurt myhmanlary bilen baýramçylyk çärelerine gatnaşyp baýramçylygyň şan şöhratyny has-da artdyrýarlar.
Goý, Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli tutulýan toýumyz dünýäni haýrana goýup “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bolan 2024-nji ýyly dabaralandyrsyn!
Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy gutly bolsun!

Maksat Hajyýew, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.