Gruziýanyň parlamenti öňki futbolçy we parlamentiň ozalky wekili Mihail Kawelaşwilini döwlet Baştutany wezipesine saýlady. “Gruziýa arzuwy – Demokratik Gruziýa” dolandyryjy partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgär ýurduň ilkinji göni däl Prezident saýlawlarynda ýeke-täk dalaşgär boldy. Kawelaşwili parlamentiň 300 wekilinden 224 ses aldy. Prezident bolmak üçin, azyndan, 200 ses zerurdy.
Şeýlelikde, 14-nji dekabrda Gruziýada ilkinji gezek Prezident 300 adamdan ybarat Saýlaw kollegiýasy tarapyndan saýlandy. Bu kollegiýa bir palataly parlamentiň 150 wekilini, Abhaziýa awtonom Respublikasynyň ýokary wekilçilikli edaralarynyň 20 wekilini, Ajariýadan 21 wekili we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň 109 agzasyny öz içine alýar.
Kawlaşwili Gruziýanyň hökümetiniň “Ýewro integrasiýa prosesini togtatmaýandygyny, diňe Ýewropa Bileleşiginden birek-birege hormat goýulmagyny isleýändigini” aýtdy. “Biz Ýewropa Bileleşigi bilen anyk kesgitlenen uzak möhletli prosesi meýilleşdirdik. Biz bu barada hemişe ýatlap geçýäris we köpçüligi habardar edip durýarys” diýip, Mihail Kawelaşwili aýtdy.
Öňki futbolçy Kawelaşwili 1991-2002-nji ýyllar aralygynda Gruziýanyň milli futbol ýygyndysynda hüjümçi bolup çykyş etdi. Häzir 53 ýaşly Kawelaşwili Tbilisiniň “Dinamosynda” (Gruziýa), “Mançester Sitide” (Angliýa) we Wladikawkazyň “Spartak-Alaniýasynda” (Russiýa) çykyş etdi. Kawelaşwili sport karýerasyny 2006-njy ýylda tamamlady, şondan soň syýasat bilen işjeň gyzyklanyp ugrady.