ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp, möhüm wezipelere sekiz milliarderi işe alyp, taryhdaky iň baý Prezident administrasiýalarynyň birini döredýär. Bu barada ABŞ-nyň “Newsweek” žurnaly habar berýär.
Şeýlelik bilen, baýlygy 336 milliard dollar diýlip çak edilýän Ilon Mask we paýnamalary, takmynan, 1,1 milliard dollar bolan Wiwek Ramaswamy hökümetiň netijeliligini ýokarlandyrmak we býurokratiýa garşy göreş boýunça dörediljek täze ministrlige ýolbaşçy wezipelere teklip edildi. Trampyň döwründe hasabyndaky 3,4 milliard dollary bilen “Stefens Inc” maýa goýum kompaniýasynyň başlygy Warren Stefens ABŞ-nyň Beýik Britaniýadaky ilçisi wezipesine bellener. Tramp 2,9 milliard dollarlyk deweloper kompaniýasynyň eýesi Çarlz Kuşneri Amerikanyň Fransiýadaky ilçisi wezipesine teklip etdi.
Tramp belli milliarder Wins Makmeonyň (3 milliard dollar) aýaly Lindany bilim ministi wezipesine, “Cantor Fitzgerald” maýa goýum firmasynyň baş direktory milliarder Goward Lutniki bolsa, söwda ministri wezipesine, hödürledi. Saýlanan Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky ýörite wekili wezipesine maýa goýujy Stiwen Witkoffy saýlady. Onuň paýnamalarynyň bahasy azyndan 1 milliard dollara deňdigi habar berilýär. Şeýle hem “Key Square Group” maýa goýum gaznasynyň başlygy milliarder Skott Bessent maliýe ministri wezipesine dalaşgär görkezildi.
“Newsweek” žurnaly Trampyň teklip eden dalaşgärleriniň köpüsiniň 20-nji ýanwarda boljak kasam kabul edişlik dabarasyndan soň Senat tarapyndan tassyklanjakdygyny belleýär.
Tramp şu ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen ABŞ-nyň nobatdaky saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Tramp bu saýlawlarda dolandyryjy Demokratik partiýanyň dalaşgäri Kamala Harrisden öňe saýlandy. Tramp birinji gezek 2017-2021-nji ýyllarda amerikan administrasiýasynyň başlygy wezipesini eýeläpdi. Onuň ABŞ-nyň taryhynda arakesme bilen iň ýokary hökümet wezipesini eýelän ikinji Prezident boljakdygy bellenildi. Mundan öň Grower Kliwlend şeýle ýagdaýda ýurduň 22-nji we 24-nji Prezidenti bolupdy. Indi Tramp ABŞ-nyň 45-nji we 47-nji Prezidenti bolar.