Öň maliýe ministri we ýurduň wise-prezidenti bolup işlän şweýsariýaly syýasatçy Karin Keller-Zutter 2025-nji ýylda döwlet Baştutany wezipesine saýlandy. Bu barada Şweýsariýanyň Federal ýygnagy (parlament) özüniň jemgyýetçilik ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi.
203-den 168 ses alan Keller-Zutter 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipesine girişer. Wise-prezident wezipesine saýlanan Gi Parmelen ozal Şweýsariýanyň ykdysadyýet ministri bolup işledi. Şweýsariýa federal parlament Respublikasydyr. Prezident parlament tarapyndan Federal Geňeşiň (Hökümet) agzalarynyň arasyndan bir ýyl möhlet bilen gaýtadan saýlanmak hukugy bolmazdan saýlanýar. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabryna çenli bu wezipäni Wiola Amherd eýeleýär.
1963-nji ýylda doglan Keller-Zutter Sýurih amaly ylymlar uniwersitetiniň terjimeçilik bölüminde okady, soňra Friborg uniwersitetinde pedagogika ugrundan aspiranturany tamamlady. 1992-nji ýylda syýasy karýerasyna başlamazdan öň, mekdep mugallymy bolup işledi. 2023-nji ýylda britan gazeti “The Finansal Taýms” ony ýylyň iň täsirli 25 zenanynyň sanawyna goşdy.