Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknežad 2025-nji ýylda OPEK-iň başlygy wezipesine saýlandy. Bu barada Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA habar berdi. OPEK web sahypasyndaky metbugat üçin beýanatynda geljek ýyl üçin başlyk saýlanandygyny tassyklady we Gabonyň nebit ministri Marsel Abeke 2024-nji ýylda guramanyň başlygy hökmünde ýolbaşçylyk edenligi üçin hoşallyk bildirdi. Maglumatlara görä, Mohsen Paknežad guramanyň yzygiderliligini, agzybirligini we ösüşini goramak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanjakdygyny aýtdy.
OPEK-iň metbugat üçin beýanatyna laýyklykda, OPEK konferensiýasy 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, Haýsam al-Gaýsyň Baş sekretarlyk möhletini ýene üç ýyl uzaltdy. Guramanyň düzgünnamasyna laýyklykda, baş sekretar üç ýyllyk möhlete saýlanyp, diňe bir gezek gaýtadan saýlanyp bilner.
OPEK 13 ýurdy öz içine alýar: Alžir, Angola, Wenesuela, Gabon, Yrak, Eýran, Kongo, Kuweýt, Liwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Nigeriýa, Saud Arabystany, Ekwatorial Gwineýa. Guramanyň ştab-kwartirasy Wenada ýerleşýär.
OPEK-iň başlyklygy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýrana geçer.