18-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin türkmen-rus gatnaşyklarynyň şu ýyl boýunça jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge milli KHBS-niň wekilleri hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar.
Maslahatda ilçi türkmen-rus hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ugurda oňyn özara gatnaşyklary alyp barýandyklary barada umumy pikirleri beýan etdi.
Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly, sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini beýan edýärler.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz içine alýar, munuň özi bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm orun degişli bolan söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär. Ynsanperwer ugurlar, bilim we ylym, medeniýet hem-de sungat ulgamlary boýunça däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.
Russiýanyň iri sebitleri bilen ýola goýlan ykdysady, işewür we medeni gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti bellenip geçildi. Bularyň ählisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge ýardam berer diýip, ilçi 2024-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan metbugat maslahatyndaky çykyşyny tamamlady.

Brifingiň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar bilen bagly soraglara jogap berdi.
Brifingiň ahyrynda Ilçi esasy ugurlar boýunça gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegi üçin döredýän mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi we dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlar hökmünde geljekki ösüşine ynam bildirdi.