1913-nji ýy­lyň 21-nji de­kab­ryn­da “New York World” ga­ze­tin­de il­kin­ji kross­word ha­sap­lan­ýan tap­ma­ça “word-cross” ady bi­len çap edil­ýär. Soň­lu­gy bi­len dür­li gör­nüş­le­ri peý­da bo­lan we hä­zir­ki wagt­da hem iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri­ni öw­rü­len bu tä­sin tap­ma­ça­ny Ar­tur Winn at­ly žur­na­list dö­red­ýär. Onuň dö­re­den kross­wor­dyn­da edil hä­zir­ki­ler ýa­ly, dik­li­gi­ne we ke­se­li­gi­ni öý­jük­ler bo­lup, ola­ryň kes­git­le­me­si ber­lip­dir. Ýe­ke-täk ta­pa­wu­dy, öý­jü­giň ba­şyn­da­ky we ahy­ryn­da­ky san hem gör­ke­zi­lip­dir.
Iň­lis di­lin­de “word” – “söz”, “cross” – “ke­siş­mek, ke­sip geç­mek” diý­me­gi aň­lad­ýar.
“New York World” ga­ze­ti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de 1960-1931-ji ýyl­lar ara­ly­gyn­da çyk­ýar.
Su­rat­da: il­kin­ji kross­wor­dyň gaý­ta­dan dö­re­di­len nus­ga­sy.