Braziliýanyň häkimiýetleri BRIKS-iň 2025-nji ýyldaky nyşanyny çap etdiler. Bu nyşan Amazon tokaýlyklarynda ösýän sumauma agajynyň şekiline hem-de BRIKS-e agza ýurtlaryň milli baýdaklarynyň reňklerine esaslanýar.
BRICS-e agza ýurtlaryň baýdaklarynyň reňk gammalaryna we Amazonyň tropik tokaýlarynyň palitrasyna esaslanýan reňkler bilen bezelen BRICS-iň 2025-nji ýyldaky nyşany Braziliýanyň Prezidenti tarapyndan hödürlendi – diýlip, Günorta Amerika Respublikasynyň başlygy Luisa Inasiu Lula da Silwanyň diwanynyň metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilýär.
Nyşanda kökleri ýaýrap giden köp şahaly agaç hem-de sary, gyzyl, mämişi, ýaşyl we gök reňkli üçburçlyk görnüşli gülleýän agajyň ýokarky başy şekillendirilýär. Agajyň ýaýraň başy, BRICS-iň agzalarynyň arasyndaky bileleşigiň mizemezdigini görkezýär.
“Logotip BRICS-iň diplomatik, sosial-ykdysady we syýasy taýdan artykmaçlygyny görkezýär” diýlip, beýanatda bellenilýär. 2024-nji ýylda Russiýa BRICS-e başlyklyk etdi. Şu ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Kazanda bileleşigiň sammiti geçirildi. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bileleşigiň başlyklygy Braziliýa geçer.