Germaniýanyň Kansleri wezipesine iň meşhur dalaşgärleriň sanawynyň başyny “Germaniýa üçin alternatiwa” (AfD) partiýasynyň egindeş başlygy Elis Waýdel çekýär. Bu barada Germaniýanyň “Bild” gazeti jemgyýetçilik pikirini öwrenmek boýunça institut (INSA) tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijelerine salgylanyp habar berdi.
Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 24 göterimi Elis Waýdel üçin ses berdi, bu golaýda geçirilen pikir soralyşyk bilen deňeşdirilende 3 göterim köpdür. Hristian-demokratik bileleşiginiň başlygy Fridrih Mers pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 20 göterimi tarapyndan makullandy. Germaniýanyň häzirki Kansleri Olaf Şols bolsa, bary-ýogy 15 göterim gazandy. Ykdysadyýet ministri we “ýaşyllar” tarapyndan hödürlenýän dalaşgär Robert Habek, pikir soralanlaryň 14 göteriminiň sesine eýe boldy.
Golaýda “Germaniýa üçin sagçy alternatiwa” partiýasynyň egindeş başlygy Elis Weýdeliň ýakyn wagtda geçiriljek parlament saýlawlarynda Germaniýanyň kanslerligine dalaşgär hökmünde hödürlenýändigi habar berildi.
AfD partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgär Waýdel “Bloomberg” bilen söhbetdeşlikde Germaniýanyň awtoulag senagatynyň ösüşiniň pese gaçanlygy üçin Ýewropa Bileleşigini tankytlady we bileleşigi erkin söwda zolagyna öwürmegi teklip etdi. Onuň sözlerine görä, Ýewropa Bileleşiginiň 2035-nji ýyla çenli içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulaglaryny satmagy gadagan etmegi bilen Germaniýanyň awtoulag senagaty oňaýsyz ýagdaýda galdy.
Pikir soralyşyga 1 müňden gowrak Germaniýanyň raýatynyň gatnaşandygy habar berilýär. Germaniýada möhletinden öňki parlament saýlawlary 2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda geçiriler.