ormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Jeýhunyň ýakasy”, “Gadymy Merw”, “Sarahs bilen Änewiň aralygynda”, “Nusaýdan Dehistana çenli”, “Daşoguzyň gadymy topragynda” we “Ertekiler dünýäsinde” atly alty baby özünde jemleýän “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp eserde Beýik Ýüpek ýolunyň işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biriniň türkmenlere degişlidigi anyk mysallar arkaly görkezilýär. Belli bolşy ýaly, Türkmenistan gadymy iri şäherleri bolan Dehistanyň, Nusaýyň, Merwiň, Sarahsyň, Köneürgenjiň aralygynda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri öz içine alýar. Beýik Ýüpek ýoly söwda, işjeň duşuşyklar we gepleşikler üçin örän uly mümkinçilik beripdir. Ýoluň ugrunda ýerleşýän halklara bu ugurlarda ajaýyp ösüşleri gazanmaga, ýurtlaryny baýlaşdyrmaga ýardam edipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň uly şäherleriň biri-de Ürgenç – häzirki Köneürgenjiň ýerinde ýerleşen gadymy şäherdir. Köneürgenç topragy türkmen halkynyň we bütin dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkez, owadan şäher bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýär. Bize şol baý geçmiş taryhdan gaýtalanmajak sungat hökmünde ajaýyp binagärlik ýadygärlikleriniň ençemesi miras galypdyr. Köp taryhy we durmuş kynçylyklaryny başdan geçiren şol gadymy şäheriň taryhy medeni ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Dünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy olaryň umumy adamzat gymmatlygy bolup durýandygyny alamatlandyrýar. Hakykatdan-da, her ýylda gadymy şäherimize dünýäniň dürli künjeklerinden syýahata gelýän syýahatçylar bu gadymy binalaryň binagärlik keşbiniň başga ýerlerde duşmaýandygyny, üstünden müňlerçe ýyl geçendigine garamazdan, olaryň ilkinji keşbiniň saklanyp galandygyna haýran galýandyklaryny aýdýarlar.
Ürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde-de ösen, täsin, özboluşly medeniýeti, ylmy, sungaty bilen hem has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Dürli sebäplere görä, paýtagt bu ýerden göçürilýär. Başga ýerden (häzirki Horezmde) täze şäher salnyp, oňa hem Ürgenç diýip at goýýarlar. Iki Ürgenç bolansoň, muňa “öňki, gadymy” manysynda “Köneürgenç” diýipdirler. Bu ýerdäki her bir ýadygärligiň, her bir depäniň uly taryhy, gyzykly rowaýatlary bar.
Hytaý taryhçylarynyň işlerinde Köneürgenjiň şol döwrüň uly ylmy we ykdysady merkezi bolandygy bellenilýär. Abu Reýhan Biruny X asyrda şäherde uly kitaphananyň bolandygy barada ýazgy galdyrypdyr. Köneürgençde meşhur “Mamunyň akademiýasy” hem hereket edipdir. Onuň döredilmegi matematikleriň we astranomlaryň ösen mekdebiniň peýda bolmagyna, Köneürgenjiň halkara ähmiýetli söwda merkezine öwrülmegine amatly şertleri döredipdir. Ürgenjiň gös-göni gatnaşmagynda edilen söwda-da haýsy harytlaryň ulanylandygy hakda X asyryň başlarynda ýaşan taryhçy alym Al-Itahri şeýle maglumatlary ýazyp galdyrypdyr: “Horezm hasylly, iýmite we miwä baý şäher. Bu ýerde uzak ýurtlarda satmak üçin pagtadan we ýüňden köp zatlar öndürilýär”.
Hytaýly täjirler Köneürgençden üzüm, ýorunja tohumyny, sogan, hyýar, gawun-garpyz, gawun kaklaryny alyp gidipdirler. Iýmit önümlerini öz ýurtlaryna äkitmekleriniň sebäbi Köneürgenjiň topragynda öndürilýän iýmit önümlerini witaminlere baý önüm hasaplapdyrlar. Şonuň üçin hytaýly täjirler üzümiň her dürli görnüşlerini köp mukdarda satyn alyp, öz ýurtlaryna äkidýän ekenler. Gawun kaklaryny bolsa, olar kerwenli uzak ýollara gidenlerinde iýmit hökmünde peýdalanypdyrlar. Hytaýda şol döwürlerde ýorunja ekilmeýän eken. Olar Köneürgençden ýorunja tohumlaryny äkidip, öz ýurtlarynda ekipdirler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, toprakdan bol hasyl almak üçin ähli şertler döredildi. Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegi köp babatda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmaga we önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň babadaýhanlary ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümlerini has-da köp mukdarda öndürmegi maksat edinýärler.
Hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, borçnamadan artyk öndürilen önümleri biržalarda satmaga rugsat berilmegi, ekerançylaryň suw, dökün we tehniki üpjünçiliginiň berkidilmegi ýaly uly kömek-goldawlary üçin kärendeçiler Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirýärler. Şeýle gowy şertlerde janypkeş daýhanlarymyz bereketli topragyň we ekinleriň idegini yhlasly ýerine ýetirip, ata-babalarymyzyň asylly däplerini uly yhlas, belent derejeli tejribe bilen mynasyp dowam etdirýärler.
Gülhumar Hojahmetowa,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap
komitetiniň hünärmeni.