Bosagada Täze ýyl. Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan baýramçylygy ýetip geldi. Bezelen arça, şatlykly ýüzler, birek-birege ýollanýan gutlag sözleri, aýdym-sazly dabaralar – bular Täze ýyla mahsus alamatlar bolup, her bir halk öz medeniýetine we däp-dessurlaryna görä Täze ýyly garşy alýar. Köp halk naz-nygmatdan doly saçak başynda maşgala bolup Täze ýyly garşylaýan bolsa, käbir halk baýramçylygy baş arçanyň ýanynda, howa menzilinde, deňiz kenarlarynda ýa-da seýilgählerde geçirýär. Gazetimiziň şu sanynda käbir halklaryň Täze ýyly garşy alşy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary ýerleşdirmegi makul bildik.
Ýaponiýa. Ýaponlar Täze ýyly milli däp-dessurlaryna laýyklykda garşy alyp, 31-nji dekabrda köne tumaryny ybadathana eltip, täzesini alyp gaýdýarlar. Olar Täze ýylda satyn alan tumarynyň şowlulyk getirýändigine ynanýarlar. Ýaponlar Täze ýyl gijesi ybadathanada, köçede köpçülik bolup krewetkiden we işbilden taýýarlanan baýramçylyk tagamlaryny iýýärler. Mundan başga-da, ýapon zenanlary baýramçylyk gijesinde «köne ýyl» bilen hoşlaşmak we Täze ýyly garşylamak üçin garpyz unundan taýýarlanan spagetti gaýnadyp, içine dürli gök önümleri goşup soba bişirýärler. Täze ýylda soba bişirmek däbi XVII asyra degişli bolup, ýapon medeniýetinde goňrumtyl uzyn spagetti hasyllylygy we uzak ömri alamatlandyrýar.
Daniýa. Baltika deňziniň kenarynda ýaşaýan daniýalylar Täze ýyly ýarygije oturgyçdan böküp garşy alýarlar. Ençeme ýyldan bäri dowam edip gelýän bu däbe görä, olar oturgyçdan bökmegiň «täze ýyla bökmekdigine» we munuň şowlulyk getirýändigine ynanýarlar. Daniýaly daýhanlar hem Täze ýyly gaty ses bilen gygyrmak arkaly täsin ýagdaýda garşy alýarlar. Daniýalylar Täze ýyl saçagyny gorçisa çorbasy, kodfiş (balyk) nahary, gowrulan ýeralma we kale işdäaçary ýaly esasy baýramçylyk tagamlary bilen bezeýärler. Daniýada öküziň şahyndan ýasalan bulgurda (riton) dürli içimlikleri içmek, gülkünç şlýapa we sary reňkde egin-eşik geýmek baýramçylyk gijesiniň gyzykly däpleri hasaplanýar.
Gresiýa. Grekler gyş paslynyň gelmegi bilen öýleriň gapysyndan nar asyp goýýarlar. Täze ýyl güni däbe görä, myhmançylyga baran adam şol öýe bagt getirmek üçin gapyny «nar bilen urýar». Nar näçe köp bölege bölünip, däneleri näçe köp pytrasa, şol öýe şonça köp şowlulyk we bagt gelýär diýlip düşünilýär. Şeýle hem öýe gelen myhman sag aýagy bilen ätläp öýe girýär. Greklerde nar hasyllylygy we şowlulygy alamatlandyrýar.
Meksika. Mekgejöweniň Watanynda Täze ýyl täsin ýagdaýda garşy alynýar. Meksikanyň ýaşaýjylary, esasan hem, bu ýurtda ýaşaýan ýetginjekler Täze ýyl agşamy öýünden boş çemedan alyp, hamala syýahata gitmek üçin otly ýa-da howa menziline barýarlar. Ýarygije bolandan soň bolsa, öýlerine gaýdyp gelýärler. Meksikanlar baýramçylyk saçagyny tamales tagamy bilen bezeýärler. Myhmanlara mekgejöwen ýa-da banan ýapragynyň arasyna gyýlan et we peýnir salnyp, dolama görnüşinde bişirilýän bu nahar bilen bir hatarda mekgejöwen işdäaçary hem-de mennudo çorbasy hödür edilýär. Öý bikeleri kiçijik bukja görnüşinde taýýarlan tagamyny baýramçylyk stoluna goýmak bilen bir hatarda, dostlaryna we goňşularyna hem paýlaýarlar.
Şotlandiýa. Bu ýurtda Täze ýyl agşamyna «Hogmanay» diýilýär. «Hogmanay» baýramçylygy 30-njy dekabrda başlap, 1-nji ýanwarda gutarýar. Şotlandlar Täze ýyly «Auld Lang Syne» aýdymy bilen garşy alýarlar. Baýramçylyk adatyna görä, bu ýurduň ýaşaýjylary Täze ýyl güni öýlerde, köpçülik ýerlerinde arassaçylyk işlerini geçirýärler. Ähli ýeri gül pürkülen ýaly edip, baýramçylygy tämizlik bilen garşylaýarlar. Ýewropanyň beýleki ýurtlary bilen bir hatarda Şotlandiýada hem Täze ýyl güni «Patyşanyň torty» diýilýän süýjülik taýýarlanyp, ýarygije iýilýär. Bu süýjülik ýukajyk hamyrdan dolanyp, tegelek görnüşde bişirilýär hem-de üstüne dürli reňkde krem çalynýar. Daşyndan älemgoşara meňzeýän king süýjüliginiň aýratynlykly tarapy içinde gizlenen altyn teňňe bolup, pul kimiň paýyndan çyksa, şol adam geljek ýylda baý bolýar diýlip ynanylýar. Täze ýyl gijesi teňňe tapmak däbi Ýewropada irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän ynançlaryň biridir.
Filippinler. Ada ýurdunda nokat we tegelek şekilleriň abadançylyk we şowlulyk getirýändigi barada ynanç bar. Şonuň üçin filippinler Täze ýyl gijesi halka görnüşde kesilen apelsin, üzüm, garpyz ýaly 12 miwe iýýärler. Soňra bolsa «medianoche» (ýarygije) däbine görä, gaýtadan saçak bezäp, köpçülik bolup tans edýärler. Filippinlerde Täze ýyl baýramçylygynyň iň meşhur süýjüligi puto bolup, tüwi we tüwi unundan taýýarlanýar.