1-nji ýanwardan başlap, Ýewropa Bileleşiginiň döwürleýin başlyklygy Polşa geçdi. Geçen ýylyň 1-nji iýulyndan bäri döwürleýin başlyklygy Wengriýa alyp barýardy. Döwürleýin başlyklygy alyp barýan ýurt alty aýyň dowamynda bileleşigiň esasy gün tertibini kesgitleýär hem-de ýokary derejeli çäreleri geçirýär. Polşa döwürleýin başlyklygynyň şygaryny “Howpsuzlyk, Ýewropa!” diýip belledi. Polşa Ýewropanyň howpsuzlygy bilen bir hatarda energiýada garaşlylygy azaltmak meselesini hem çözmäge synanyşar.
1-nji iýulda bu wezipe Daniýa geçiriler.