Toý­dur baý­ram­la­ra bes­len­ýän aja­ýyp ýur­du­myz­da tä­ze­lik­ler yz­ly-yzy­na sep­le­şip gel­ýär. Ta­mam­la­nan hem-de uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nen «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ahyr­ky aý­la­ryn­da Gahryman Arkadagymyzyň jöw­her paý­ha­syn­dan sy­zy­lyp çy­kan «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly aja­ýyp ki­ta­by­nyň, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Mag­tym­gu­ly – dün­ýä­niň akyl­da­ry» at­ly ki­ta­by­nyň türk­men hal­ky­na ba­gyş edil­me­gi göwünleri galkyndyrdy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ren gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ýur­du­myz­da ta­ry­hy öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni, hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň has-da ro­waç­la­nan­dy­gy­ny, türk­me­niň be­ýik og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk to­ýu­nyň hal­ka­ra de­re­je­de giň­den toý­la­nan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di we şu ýy­lyň jem­len­me­gi bi­len bag­ly «Mag­tym­gu­ly – dün­ýä­niň akyl­da­ry» at­ly ki­ta­by­ny ýa­zyp ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz ese­rin­de be­ýik söz us­sa­dy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan ägirt uly go­şan­dy­nyň, şa­hy­ryň ýu­bi­le­ýi bi­len bag­ly ge­çi­ri­len çä­re­le­riň giň­den be­ýan edil­ýän­di­gi­ni, şeý­le hem ýur­du­myz­da ýe­ti­len sep­git­le­riň, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň je­mi­niň jem­len­ýän­di­gi­ni nyg­tap, bu ki­ta­byň mäh­ri­ban hal­ky­my­za my­na­syp sow­gat bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Mag­tym­gu­ly – dün­ýä­niň akyl­da­ry» at­ly ki­ta­by­ny ýaz­mak bi­len, tu­tuş türk­men hal­ky­na we da­şa­ry ýurt­la­ryň halk­la­ry­na Tä­ze ýy­lyň bo­sa­ga­syn­da örän uly sow­gat et­di.
Şol bir wagt­da Gah­ry­man hem alym Ar­ka­da­gy­my­zyň par­lak ze­hi­nin­den dö­rän «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly ki­tap­da-da türk­men hal­ky­nyň, şeý­le hem tu­tuş dün­ýä­niň göw­he­ri­ne öw­rü­len akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ha­kyn­da, şeý­le hem hal­ky­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, yn­san­per­wer­li­gi, eder­men­li­gi, ag­zy­bir­li­gi ha­kyn­da aý­dy­lyp ge­çil­ýär.
El­bet­de, bu mu­kad­des eser bi­len bi­ziň ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­miz bo­lan Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­myz­da hem ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu da­ba­ra ins­ti­tu­tyñ bag­ty­ýar ta­lyp ýaş­la­ry we pro­fes­sor mu­gal­lym­la­ry gat­naş­dy­lar. Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­nyň çäk­le­rin­de ins­ti­tu­tyň eý­wa­nyn­da ser­gi ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, bu ýer­de hormatly Prezidentimiziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň eser­le­ri­ne giň orun be­ril­di. Türk­men hal­ky­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň gym­mat­lyk­la­ry ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da 2024-nji ýyl «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li be­ýik nus­ga­wy şa­hy­ryň dö­wür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, ösü­şiň bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat ed­ýän, halk­la­ry we döw­let­le­ri bir­leş­dir­ýän fi­lo­so­fi­ýa­sy bü­tin dün­ýä ýaň sal­dy. 2024-nji ýy­lyň okt­ýab­r aýyn­da Aş­ga­bat­da gu­ra­lan hal­ka­ra fo­rum, şeý­le hem ýy­lyň dowamynda Türk­me­nis­tan­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra çä­re­le­riň ýüz­ler­çe­si mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň eser­le­ri­niň höw­ri köp bol­sun, jan­la­ry sag, baş­la­ry he­mi­şe dik bol­sun!

Döw­ran An­na­ne­pe­sow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.