Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde Ýewropanyň nol emissiýaly ilkinji binasy gurlar. Umumy barlag merkeziniň (JRC) täze binasy täzeçil dizaýny we daşky gurşawa zyýansyzlygy bilen tapawutlanar. Taslamanyň çäginde binanyň üçegine Gün panelleri oturdylar. Bu panellerden alnan energiýa diňe bir bina däl-de, daş-töweregindäki binalara hem ýetjek energiýa öndürer. Kartuha adasynda guruljak binanyň ýanynda halk köpçüliginiň dynç almagyna niýetlenen ýerler bolar.
1994-nji ýylda esaslandyrylan Umumy barlag merkezi durnuklylyk, emeli aň we innowasiýa ýaly ugurlarda ylmy barlaglary alyp barýar.
Leýli DÖWLETOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.