Hytaýyň paýtagty Pekinde ýola goýlan täze düzgüne görä, sürüjisiz awtoulaglaryň synagdan geçirilmegine rugsat berildi. Şäheriň ýolbaşçylary synag sürüşleri şowly netije beren ýagdaýynda bu ulaglaryň hereketine hem rugsat bermegi maksat edinýärler. 1-nji aprelden başlap öndüriji kompaniýalar sürüjisiz ulaglaryny synag etmek üçin ýüz tutup bilerler. Şäheriň ýolbaşçylary hususy awtoulaglaryň, awtobuslaryň, tramwaýlaryň we taksileriň sürüjisiz bolmagyna goldaw berýär. Şeýle hem şäherde «akylly» ýol infrastrukturasynyň döredilmegi hem meýilleşdirilýär.
Mundan ozal ýurduň käbir şäherlerinde belli ýerlerde sürüjisiz ulaglaryň hereketi ýola goýlupdy. Golaýda bolsa, Uhan şäherinde «akylly» awtoulaglaryň ýaýbaňlandyrylmagyny goldamak üçin täze düzgün girizilipdi.
Geçen ýylyň awgust aýynda bolsa, ýurduň 19 şäherinde robotaksi hem-de robobus synaglaryna mümkinçilik beriljekdigi mälim edildi. Ýurtda eýýäm «Baidu»-nyň «Apollo Go» kompaniýasy sürüjisiz taksi hyzmatyny hödürleýär.
Arzygül DÖWLETSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.