«Euromonitor» guramasy «Data Bank» we «Lighthouse» maglumat kompaniýalary bilen bilelikde 2024-nji ýylda iň köp daşary ýurtly myhman kabul eden şäherleriň sanawyny taýýarlady. Sanawyň ilkinji basgançagyny Tailandyň paýtagty Bangkok eýeleýär. Şähere baran halkara syýahatçylaryň sany 2023-nji ýyldakydan 37 göterim köp bolup, 32,4 milliona ýetipdir. Ikinji orny 23 million syýahatçyny kabul eden Stambul eýeleýär. Angliýanyň paýtagty Londona 21,7 million syýahatçy barypdyr. Degişlilikde, Gonkonga 20,5 million, Mekgä we Antalýa 19,3 million, Dubaýa 18,2 million, Makauwa 18 million, Pariže 17,4 million we Kuala-Lumpura 16,5 million myhman barypdyr.
Şeýle hem geçen ýyl halkara syýahatçylygynyň pandemiýadan ozalky ýagdaýa golaýlandygy mälim edildi. «Euromonitor»-yň bilermenleri 2024-nji ýylda syýahatçylyk pudagynyň 19 göterim ösüp, bu pudakda 1,9 trillion amerikan dollarynyň sarp edilendigini belleýärler.
Şasüleýman GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.