NASA Gün ulgamynda 9-njy planetanyň bolup biljekdigini mälim etdi. Neptundan hem aňyrda bolan planetanyň Ýeriň massasyndan 5-10 esse uludygy çaklanylýar. Astronomlar asman jisiminiň elliptik şekillidigi we Günüň daşyndaky aýlawynyň uzakdygy sebäpli synlamagyň aňsat däldigini belleýärler. Şeýle planetanyň bolup biljekdigi barada köp wagtdan bäri jedeller dowam edýärdi.
Kaliforniýa tehnologiýa institutynyň ylmy işgäri Konstantin Batyginiň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan anyklanan planetanyň 2006-njy ýylda planeta statusy aýrylan Pluton bilen baglanyşygynyň ýokdugy mälim edildi. Asman jisiminiň planeta hasaplanmagy üçin öz orbitasy bolmaly hem-de dartyş güýji golaýyndaky beýleki asman jisimleriniňkiden has güýçli bolmaly.
Baýmyrat Ýatžikow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.