Arheolog Goward Karteriň ýolbaşçylygyndaky britan ekspedisiýasy Müsüriň faraony Tutanhamonyň aramgähini ýüze çykaranlaryndan iki ýyl soň – 1924-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda daş sarkofagynyň üstünden bardylar. Fewral aýynda sarkofag açylanda, onuň içinden faraonyň mumyýasy bilen birlikde altyn tabyt tapyldy.