Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) 2024-nji ýyldaky başlygy, Premýer-ministriň orunbasary we Maltanyň daşary işler we syýahatçylyk ministri Ýan Borg 2026-njy ýylda ÝHHG-ä başlyklyk etmek üçin Şweýsariýanyň saýlanandygyny mälim etdi. Bu baradaky maglumat guramanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.
Hasabatda ýene-de bir ýyldan ÝHHG-niň başlyklygynyň Finlýandiýadan Şweýsariýa geçjekdigi bellenilýär.
Şeýle hem Borg, Şweýsariýanyň bu gurama netijeli ýolbaşçylyk etmek ukybyna ynam bildirdi. Bu ÝHHG üçin möhüm pursat we biz Şweýsariýanyň öňden görüjilik we tutanýerlilik bilen ýolbaşçylyk etjekdigine ynanýarys.
ÝHHG-ä başlyklyk bu gurama agza döwlet tarapyndan bir ýylyň dowamynda amala aşyrylýar we daşary işler ministri Baş sekretaryň wezipesini ýerine ýetiriji bolup durýar. Başlyk karar kabul etmegi utgaşdyrýar we özüniň ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda ÝHHG-niň ileri tutýan ugurlaryny kesgitleýär.
Şweýsariýa ozal 1996 we 2014-nji ýyllarda iki gezek ÝHHG-ä başlyklyk edipdi.