“Visualcapitalist” web saýtynyň bilermenleri satyn alyjylyk ukybynyň deňligine görä işlenip düzülen jemi içerki önüm boýunça dünýäniň iň iri 20 ykdysadyýetiniň sanawyny hödürlediler. Sanaw düzülende, Halkara pul gaznasynyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli maglumatlaryna esaslanyldy. 2014-nji ýyldan başlap, satyn alyjylyk ukybynyň deňligi esasynda düzedişler bilen önümçiligiň göwrümi boýunça iň iri ykdysadyýet ornuny Hytaý saklaýar.
Ikinji orunda Hytaýdan takmynan, dört trillion dollar yza galýan ABŞ ýerleşýär. Üçünji orny Hindistan eýeläp, ýurduň jemi içerki önümi satyn alyjylyk ukybynyň deňligini nazara almak bilen nominaldan dört esse diýen ýaly ýokarydyr. Ilkinji bäşlige Russiýa we Ýaponiýa hem girýär.
Satyn alyjylyk ukybynyň deňligi ýurtlaryň arasyndaky bahalaryň tapawudyny göz öňünde tutýan çalşylýan hümmeti ulanyp, ýurduň jemi içerki önümini umumy walýuta öwürmek arkaly hasaplanýar. Bu ähli ýurtlarda şol bir haryt we hyzmat sebediniň birmeňzeş bahasyny üpjün edip, hakyky ykdysady önümçiligi görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu usulyň artykmaçlygy çykdajylary girdejisi ýokary ýurtlardan pes bolan pes we orta girdejili ykdysadyýetleriň degişli güýjüni hasaplamakda jemlenýär. Şu sebäpli Hindistanyň satyn alyjylyk ukybynyň deňligi boýunça düzedilen jemi içerki önümi nominaldan ep-esli ýokary bolup durýar.