Kanadaly bilermenler 600 ýyl mundan ozal ýazylan “Woýniçiň manuskripti” diýlip atlandyrylýan golýazmanyň syryny aýdyňlaşdyrmagyň ugruna çykdylar. Orta asyrlara degişli bu golýazmanyň manysy we maksady henize çenli näbelliligine galýar. Bilermenler kitabyň haýsydyr bir zatda utuş gazanmak maksady bilen ýazylan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler. Golýazmanyň 240 sahypasynda hem syrly şekillere näbelli dilde düşündiriş berilýär. Golýazma 1912-nji ýylda ony satyn alan antikwar Wilfred Woýniçiň adyny göterýär. Häzirki wagtda golýazma ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanýar.
Barlag geçirijiler Woýniçiň golýazmasy gadymy iwrit dilinde ýazylypdyr diýen netijä geldiler. Golýazmanyň girişiniň birinji sözlemini şeýle terjime etdiler: “Ol ruhana, öý eýesine, maňa we beýlekilere maslahat saldy”. Kanadaly alymlar golýazmany dermanlary taýýarlamak, saklamak, barlamak we beýlekiler hakda dermanhana işgärleriniň kanunlar ýygyndysynyň gollanmasy hasaplaýarlar. Häzirlikçe bu çaklama seresaplylyk bilen çemeleşýärler, ýöne ol muňa garamazdan, bütin dünýäni gyzyklandyryp ýetişdi. Bu çaklama professor Grek Kondrakyň we onuň ýardamçysy Bredli Haueriň barlaglarynyň netijesinde äşgär edildi.
Mundan ozal, Ispaniýanyň iň iri neşirýatlarynyň biri ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň seýrek golýazmalar saklanýan kitaphanasy bilen uzaga çeken gepleşiklerden soňra, gadymy golýazmany çäkli nusgada çap etmek hukugyna eýe bolupdy. Woýniçiň golýazmasy dünýäde iň syrly kitaplaryň biri hasaplanýar. Golýazma 17×24 santimetr ölçegindäki 246 pergament sahypadan ybarat bolup, dürli reňklerde çekilen suratlary, ýyldyzlaryň şekillerini we zodiakal alamatlary bilen tapawutlanýar. Kalligrafik harplar bilen ýazylan bu golýazmada dürli reňkler bilen çekilen suratlar bolup, onda dürli ösümlikler şekillendirilýär. Ýöne häzire çenli olaryň birini hem anyklamak başartmandy. Iň esasy zat hem, onuň haýsy dilde ýazylandygyny hiç kim bilmeýärdi. Onda 1666-njy ýyl diýlen sene goýlupdyr. Bu golýazma XVI ýüzýyllygyň ahyrlarynda Bogemiýanyň koroly (Çehiýa) Rudolf II tarapyndan satyn alnypdyr. Ol adamda we kosmosda syrly güýjüň bardygyna ynanypdyr we kitaby näbelli täjirden şol döwürde uly pul bolan 600 dukata satyn alypdyr. Henize çenli köp sanly barlag geçirijiler bu orta asyr golýazmasynyň syryny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen dürli barlaglary amala aşyrýarlar. Içindäki şekillerinden çen tutsaň, kitap bäş bölümden ybarat. Birinji bölüm botanika, ikinji kosmologiýa, üçünji adam biologiýasyna, dördünji farmasewtika, bäşinji hem astrologiýa bagyşlanypdyr.