Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynda 2-nji finalçy hem belli boldy. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda oýnalan 2-nji ýarym final duşuşygynda Italiýanyň Kubogynyň eýesi “Ýuwentus” bilen “Serie A”-nyň wise-çempiony “Milan” duşuşdy. Duşuşygyň 21-nji minutynda “Ýuwentus” türkiýeli ýyldyzy Kenan Ýyldyzyň owadan goly bilen hasaby açdy. Täze tälimçisi Seržiu Konseýsaunyň ýolbaşçylygynda ilkinji duşuşygyny geçirýän “Milan” bu gola 50 minutdan soň jogap berdi. Oýnuň 71-nji minutynda penaltini dürs uran Kristian Pulişiç hasaby deňledi. Bu goldan 5 minut soň bolsa “Milan” öňe saýlandy. Oýna 2-nji ýarymda giren Ýunus Musanyň topardaşyna geçirmekçi bolan uzyn pasynda top “Ýuwentusyň goragçysy Gattiniň aýagyna degip, derwezä girdi. Şunlukda, “Milan” 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, finala çykdy. “Milan” finalda şäherdeşi, kubogyň soňky ýylyndaky eýesi “Inter” bilen duşuşar. Başgaça aýdylanda, final Milan derbisi – “Derby della Madonnina” duşuşygy bolar. Italiýanyň Super Kubogy ugrundaky final duşuşygy 6-njy ýanwarda Er-Riýaddaky “King Saud University Stadium”-da oýnalar.