Rus­si­ýa 2024-nji ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne gaz eks­por­ty­ny 54,45 mil­liard kub met­re çen­li ýo­kar­lan­dyr­dy, bu bol­sa Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­dan öňe geç­mä­ge we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi üçin ikin­ji uly gaz üp­jün edi­ji­si­ne öw­rül­di. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa­nyň yl­my bar­lag gu­ra­ma­sy “Brue­gel” ha­bar ber­di.
Gecen ýyl Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi je­mi 297,9 mil­liard kub metr gaz im­port et­di, şo­lar­dan 54,45 mil­liard kub met­ri Rus­si­ýa­dan sa­tyn alyn­dy. Bu 2023-nji ýyl­da sa­tyn al­nan muk­dar­dan (45 mil­liard kub metr) 21 gö­te­rim köp. Ne­ti­je­de, Rus­si­ýa­nyň ýer­li ba­zar­da­ky pa­ýy ýy­lyň do­wa­myn­da 14,2 gö­te­rim­den 18,3 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ge­çen ýyl di­ňe Nor­we­gi­ýa­dan has köp gaz sa­tyn alyp, 2023-nji ýyl­da­ky 90,3 mil­liard bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 93,3 mil­liard kub metr gaz sa­tyn alyp­dyr. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan im­port edil­ýän ga­zyň 31,3 gö­te­ri­mi Nor­we­gi­ýa­nyň pa­ýy­na dü­şüp, ol 2023-nji ýyl­da 28,6 gö­te­ri­me deň bo­lup­dyr.
2023-nji ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ikin­ji esa­sy eks­port edi­ji bo­lan ABŞ, 2024-nji ýyl­da gaz ug­ra­dy­ly­şy­ny, tak­my­nan 18 gö­te­rim – 51,3 mil­liard kub met­re çen­li azalt­dy we üçün­ji or­ny eýe­le­di. Ne­ti­je­de, onuň pa­ýy ýy­lyň do­wa­myn­da 19,7 gö­te­rim­den 17,2 gö­te­ri­me çen­li azal­dy di­ýip, “1pri­me.ru” web saý­ty ýaz­ýar.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Al­žir­den ep-es­li muk­dar­da gaz sa­tyn al­dy, ol 3 gö­te­ri­me çen­li, ýag­ny, 32 mil­liard kub met­re çen­li azal­dy. Şeý­le-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan we Azer­baý­jan­dan 12,7 mil­liard kub metr gaz sa­tyn al­dy. Ýö­ne Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan gaz sa­tyn alyş ýy­lyň do­wa­myn­da 29 gö­te­rim azal­dy, Azer­baý­jan­dan bol­sa, 2 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy.