Beýik boýly, owadan gülli badam agajynyň süýnmek maňyzly miwesi bolýar. Miweli agaçlaryň arasynda iň ilki gülleýänleriň biri hasaplanýar. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýän bu agaç Eýran, Saud Arabystany, Türkiýe, Liwan, Siriýa, Iordaniýa ýaly beýleki yssy ýurtlarda hem ýetişýär. Boýy 4 metrden 9 metre çenli bolýar. Täze döredilen görnüşleri dürli howa şertlerinde, ada ýurtlarynda hem ýetişdirilýär. Onuň süýji we ajydäne görnüşleri bar. Ajydänesine ajybadam diýilýär. Ajybadamyň hem peýdasy köpdür. Onuň bu görnüşi ýag almakda, halk lukmançylygynda giňden ulanylýar we käbir ýerlerde naharlara hem goşulýar. Onuň süýji görnüşi çigligine iýilýär. Badamyň miwesi ilki şetdala meňzeýär. Emma ol bişip başlansoň, daşynyň miwesi bolman, diňe maňzy galýar. Miwesi görnüşine görä, ululy-kiçili bolup, gabygynyň gatylygy hem şeýle bolýar. Onuň iýmitlilik kuwwaty örän ýokary bolup, düzüminde köp mukdarda E witamini, kalsiý, fosfor, demir we magniý saklaýar. Şeýle hem düzüminde sink, selen we mis bar. Adam saglygyna uly peýdasy bolan badamyň birnäçe keseliň öňüni alýandygy aýdylýar.
Badamyň watany günorta-gündogar Aziýa hasaplanýar. Nowbahar açýan gülleriniň reňki ak we açyk gülgün bolýar. Her ýylda dünýä ýüzünde 1,5 million tonna badam hasyly alynýar. Gresiýa, Hytaý, Eýran, Italiýa Marokko ýaly ýurtlar esasy badam öndürijiler hasaplanýar. Yssy we aram howany halaýan badam agajy üçin çygly howa we ýel ýaramsyzdyr.
Halk döredijiliginde hem badam sözi köp gabat gelýär: “Baga bardym, badam gördüm, Badam ýygýan adam gördüm” ýaly setirlerde onuň waspy ýetirilip, ähmiýeti nygtalypdyr.
Tropik ýurtlarda badamyň has iri görnüşleri ýetişdirilýär.