“Cathay Pacific” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary şu ýyl uçup, geçen ýyl gondy. Awiakompaniýanyň ýolagçy uçary ýylyň çalyşýan gijesi 00:21-de Gonkongdan ABŞ-nyň Los Anjeles şäherine gitmek üçin howa göterildi. Uçar birnäçe sagatdan Los Anjelese ýerli wagt bilen 31-nji dekabrda 20:33-de gondy. Şeýlelikde uçaryň ýolagçylary we ekipažy täze ýyly iki gezek garşy aldylar. Şeýle uçuş her ýyl diýen ýaly birnäçe awiakompaniýalar tarapyndan amala aşyrylýar.
“Cathay Pacific” awiakompaniýasynyň bu iki şäher aralygyndaky rejeli gatnawynyň ýolagçylary bolsa hemişe-de wagtda yza gidýärler. Sebäbi, uçar Gonkongdan gündogara tarap, Ýuwaş ummanyndaky senäniň çalyşýan çyzygyny, ýagny 180-nji meridiany kesip geçýär. Şeýlelikde, gysga wagtda entek ýerli wagta görä bir gün yzda bolan sebite barýar. Bu bolsa iki şäheriň arasynda syýahat edýän ýolagçylaryň hemişe-de barmaly ýerine uçan gününden bir gün ir barmaklaryna sebäp bolýar. Mysal üçin, 7-nji ýanwarda Gonkongdan ýerli wagt bilen 00:25-de uçýan uçar, Los Anjelese ýerli wagt bilen 6-njy ýanwarda 20:55-de barýar. Iki şäheriň arasyndaky uçuşyň dowamlylygy 13 sagada golaýdyr.