1894-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda meşhur oýlap tapyjy Tomas Edison asgyrýan adamyň filmini döredýär. Şol gün onuň işgäri Wilýam Kennedi Dikson hereketli surat filmine (motion picture film) patent alýar.
Dikson Edisonyň Nýu-Jersidäki laboratoriýasynda birnäçe ýyllap işleýär we onuň oýlap tapyşlaryny kämilleşdirýär, nazaryýetde döreden käbir zatlaryny hakyky iş ýüzüne geçirýär. Film görmäge niýetlenen kineteskop atly enjam hem şolaryň biridir.