Alym Prezidentimiziň, ykdysady ylymlaryň doktory Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda giň gerimli, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyz adam başyna öndürilýän içerki önümiň möçberi boýunça dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine barha ýakynlaşýar. Geçen ýylda içerki önümiň ösüş depgininiň 6,5 göterime deň bolandygy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu üstünlikleriň gazanylmagynda ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz hususy ulgamynyň – telekeçileriň örän uly paýynyň bardygyny we onuň durnukly artýandygyny aýratyn bellemelidiris.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012–2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2016-njy ýylda 67 göterime ýetirmek göz öňünde tutulypdy. Bu görkeziji aňryýany bilen ýerine ýetirildi. Has takygy, 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda hormatly Prezidentimiz eden taryhy çykyşynda umumy içerki önümçiligiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýynyň 68 göterim bolandygyny we ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli kärhanalaryň sanynyň 25 müňe ýetendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly konseptual monografiýasynda bu görkezijini 2020-nji ýylda 70 göterime çenli artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze taryhy döwrüň başlanmagyny alamatlandyran Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi raýat jemgyýetiniň ykdysady esasyny düzýän hususy eýeçiligi, kiçi we orta telekeçiligi düýpli ilerletmäge itergi berdi.
Türkmenistanda telekeçilik işi bilen meşgullanmagyň hukuk esaslaryny düzýän birnäçe hukuk namalary hereket edýär. Ozaly bilen, raýatlaryň hususy ugurdaky işde işlejekdigini özleriniň saýlamaklary üçin şerti döretmäge gönükdirilen, olaryň hukuklaryny we jogapkärçiligini düzgünleşdirýän juda kämil, şol birwagtda juda amatly “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň bardygyny agzamalydyrys. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hususyýetçiligi ösdürmekde uly öwrülişigi emele getirdi. Bu Kanunda hususy telekeçiligiň subýektleri üçin ýönekeýleşdirilen tertipde bellige almak, ýeňillikli gümrük ýaly birnäçe şertler we çäreler kesgitlenendir.
Bagtyýarlyk zamanamyzyň salgyt syýasaty hem hususy eýeçiligiň ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, ýeňillikli salgyt salmagyň birnäçe görnüşlerini göz öňünde tutýar. Salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy bellenen telekeçilik işinden alnan girdeji salgydynyň möçberi, şeýle hem hususy eýeçilikdäki “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli edilen edara görnüşli taraplar üçin 2 göterime deňdir. Telekeçiler üçin ýeňillikli karz bermek hem göz öňünde tutulandyr. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýuldaky 12446 belgili “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Kararyna laýyklykda, kiçi we orta telekeçiligiň subýektine degişli taraplaryna önümleri öndürmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlaryň berilýändigini agzamak bolar.
Türkmen telekeçileriniň Arkadag Prezidentimiziň uly aladalaryna netijeli işleri bilen jogap berýändiklerini aýratyn bellemelidiris. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza kärhanalar tarapyndan geçen ýylyň netijeleri boýunça 903,1 million manatlyk senagat önümleri, 2 milliard 287,2 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi. Telekeçilerimiz söwda-haryt dolanyşygynda, hyzmatlar ulgamynda hem ýokary netijeleri gazandylar.
7-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän, telekeçilerimiz tarapyndan gurlan iki we bir gatly, ähli amatlyklary bolan kaşaň jaýlaryň 1 müň 152-sinden ybarat “Täze zaman” ýaşaýyş jaý toplumy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Möçberi boýunça kiçiräk şäheri ýadyňa salýan bu toplumda 600 orunlyk orta mekdebiň, 169 orunlyk çagalar bagynyň 2-siniň, saglyk öýüniň, azyk harytlary dükanynyň bardygyny nygtasak, bagtyýar raýatlarymyzyň nähili gözel ýere göçüp gelendikleri aýan bolýar. Häzirki döwürde telekeçilerimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde gurulýan ýüzlerçe desgalarda iş alyp barýarlar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn wagtda her welaýatdan bir daýhan birleşigini hususy görnüşde işlemäge geçirmek meseleleriniň üstünde işlemegi, soňra beýleki daýhan birleşiklerini hem işiň şu görnüşine geçirmegi tabşyrdy.
Görşümiz ýaly, ýakyn wagtlardan başlap, ýurdumyzyň telekeçileri we bagtyýar raýatlarymyz üçin bähbitli uly tutumly işleriň täze gözýetimleri açylýar.
Eýeberdi TÄÇMYRADOW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdirliginiň Serdar şäher salgyt bölüminiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.