Rus ýazyjysy Boris Akunin Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň baýragyna dalaşgär boldy. Baýrak milli dilden iňlis diline terjime edilen iň gowy edebi eser üçin berilýär. Dalaşgärleriň gysga sanawy fewral aýynyň başynda mälim edilipdi. Akuninden başga oňa belli türk ýazyjysy, Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi Orhan Pamuk hem laýyk görüldi.
Sylagyň möçberi 20 müň ýewro barabar bolup, eseriň awtory bilen terjimeçiniň arasynda deň paýlanar. Boris Akunin “Bütin dünýä – teatr” romany bilen dalaşgärleriň sanawyna girdi. Onuň bu eseri aňtaýjy Erast Fandoriniň başdan geçirmeleriniň 13-nji jildidir.
Şeýle hem dalaşgärleriň sanawyna horwat ýazyjy zenany Daşa Drndiç “Belladonna”, albaniýaly Ismail Kadar “Haýynyň gaçybatalgasy”, türk ýazyjysy Burhan Sönmez “Stambul, Stambul”, liwan ýazyjysy Alawi Sobh “Merýem – taryhyň sakçysy” ýaly eserleri bilen degişli edildi. Nobel laureaty Orhan Pamuk “Çypar saçly zenan” atly romany bilen baýraga hödürlendi. Üç sany iň gowy eser mart aýynyň dowamynda anyklanylar. Ikinji we üçünji ýeri alan eserleriň awtorlary we terjimeçileri bolsa, müň ýewro möçberinde pul sylagy bilen sylaglanar.