Telewizor, kamera, awtoulag ýa-da telefon haçandan bäri ulanylýar?! Bulary oýlap tapmak üçin ylmyň we tehnikanyň belli bir derejede ösmegine zerurlyk duýuldy. Eýsem, kagyz, äýnek, sagat ýaly has ýönekeý zatlar haçandan bäri ulanylýar?! Bularyň ählisi bir gezekde bir adam tarapyndan döredilmedi. Muňa garamazdan, olary ilkinji oýlap tapan alym hasaplanýan şahsyýetler bar. Häzirki wagtda durmuşymyza ornaşanyna örän köp wagt geçen käbir zatlar barada gysgajyk maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Äýnek: Aýnanyň mundan 4 500 ýyl ozal oýlanyp tapylandygy barada maglumatlar bar. Miladydan ozalky 1000-nji ýyllarda lupa hökmünde ulanylan taryhy tapyndylar ýüze çykaryldy. Emma lupanyň äýnek şekiline getirilmegi üçin köp ýyl gerek boldy. Italýan jahankeşdesi öz eserinde Marko Polo 1270-nji ýylda Hytaýda bolan mahaly ýaşuly adamlaryň has oňat görmek üçin aýnadan peýdalanandygyny belleýär. Iňlis alymy Riçard Korson äýnegiň 1280-nji ýylda italýanlar tarapyndan oýlanyp tapylandygyny mälim edýär.
Jübi sagady: nemes sagat ussasy Peter Henlýaýn 1500-nji ýyllaryň başynda oýlap tapýar.
Termometr: 1593-nji ýylda italýan alymy Galileo Galileý tarapyndan oýlanyp tapylýar. 1714-nji ýylda bolsa, Daniel Gabriel Farengeýt tarapyndan simaply termometr döredilýär.
Mikroskop: 1595-nji ýylda golland alymy Zahariý Ýansen tarapyndan oýlanyp tapylýar.
Teleskop: XI asyryň ahyrynda astronomiýada ulanylmaga niýetlenen linzalar oýlanyp tapylýar. XIII asyrda iňlis alymy Fransis Bekon synag maksatly teleskoplary oýlap tapýar. XV asyryň başlarynda Galileo Galileý has kämil teleskoplary işläp taýýarlaýar.
Žurnal: 1731-nji ýylda çap edilen “The Gentleman’s Magazine” atly neşir dünýäniň ilkinji žurnaly hasaplanýar. Mundan ozal, belli bir ugra bagyşlanan žurnallar çykarylan hem bolsa, “The Gentleman’s Magazine” halk köpçüligi üçin niýetlenen ilkinji žurnal hasaplanýar.
Paraşýut: adamzadyň uçmak arzuwy has irki döwürlerden bäri bar. Beýiklikden bökmek üçin niýetlenen paraşýuty oýlap tapmak üçin hem birnäçe synanyşyklar edilipdir. Häzirkilere meňzeş ilkinji paraşýuty 1783-nji ýylda Lui-Sebastýan Lenorman oýlap tapypdyr.
Bug bilen işleýän gämiler ilkinji gezek 1786-njy ýylda ABŞ-da peýda bolýar.
Azyk önümlerini saklamak üçin irki döwürlerden bäri sowuk ammarlaryň birnäçe görnüşi ulanylan hem bolsa, sowadyjynyň ilkinji nusgalary XIX asyryň başlarynda peýda bolýar.
1892-nji ýylda fransiýaly suratkeş Emil Reýno ilkinji multfilmi döredýär.