Üçünji müňýyllykda dünýä giňişliginde ulag babatdaky hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýe bolýar. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzdaky durnukly ösüşiň möhüm ähmiýetini häsiýetlendirýär. Milli Liderimiz: “Biz 2018-nji ýyla “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär“ diýip, bu babatda jaýdar belleýär.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Dürli ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamy ýaly ileri tutulýan ugurda möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlamak bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge öz goşandyny goşýar. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” biziň döwletimiz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça tutumlary milli derejedäki durnukly ösüş strategiýasynyň ählumumy maksatlar bilen utgaşykly durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu babatda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň ähli agza döwletler tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi halkymyzy begendirdi. Durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň örän uly ähmiýeti bar. Şeýle üstaşyr geçelgeler diňe bir ýurt üçin däl, eýsem, sebit, yklym, dünýä derejesinde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa merkezlerine çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň utgaşykly artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmak esasy ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda milli ulag ulgamynyň multimodal infrastrukturasy durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Orta Aziýa – Ýakyn Gündogar” täze ulag geçelgesiniň taslamasy öňe sürülýär. Geçen ýylyň noýabrynda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynda (RECCA VII) bu ugurda möhüm ähmiýetli resminama gol çekildi. Ol umumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi bilen gönüden-göni baglydyr.
Ýurdumyzda ulag pudagyny ösdürmekde geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde howa, awtomobil we deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi, Mary şäherinde täze howa menziliniň, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherleriniň halkara howa menziliniň açylmagy, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň merkezindäki howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Deňiz arkaly ýük daşamak ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda möhüm orna eýedir. “Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuny we türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasyna” laýyklykda, Hazaryň kenarynda islendik görnüşdäki we dürli ýük göterijiligi bolan gämileri kabul etmäge mümkinçilikli, köpugurly duralgalary bolan täze Halkara deňiz menzili bina edilýär. Ol Merkezi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan “deňiz derwezesi” hökmünde ýakyn geljekde tutuş sebitiň iri logistiki we paýlaýjy merkezine öwrüler.
Türkmenistanda deňiz ugry boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ösüşi Merkezi Aziýa we Hazar deňzi kenarýaka ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Ýakyn wagtda sebitiň iri üstaşyr geçirijisiniň wezipesini ýerine ýetirýän Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze desgasy ulanmaga berler. Ol Ýewropa ýurtlarynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmak üçin has amatly şertleri döretmäge, uly möçberli ýükleri daşamagyň ýoluny we wagtyny ep-esli gysgaltmaga, Aziýa we Ýewropa sebitiniň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.
Awtomobil we demir ýollaryň, içerki suw akabalaryň, ulag-üstaşyr merkezleriň we deňiz portlaryň özara bagly ulgamynyň ösdürilmegi ýurtlaryň köptaraplaýyn bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyz bu ulgamda maksatnamalaýyn işleri alyp barýar, täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri ugur edinýär. Ägirt uly ähmiýetli häzirki zaman ulag ýollary ulanmaga berlip, olaryň ýakasynda döwrebap binagärlik desgalary we möhüm düzümler yzygiderli gurulýar. Paýtagtymyzdaky ulag ýollarynyň gurluşygynda we olary döwrebaplaşdyrmakda toplanan tejribe ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde şeýle desgalaryň gurluşygynda-da işjeň ulanylýar.
Serhetabatdan Owganystanyň Turgundy şäherine çekilen demir ýol deňze çykalgasy bolmadyk Owganystanyň daşary söwda-haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna oňaýly mümkinçilikleri döreder. Bu demir ýol iki ýurduň arasyndaky ulag gatnawlaryny ösdürmäge we multimodal hyzmatlary hödürlemäge, şeýle-de ýük daşalyşynyň möçberini, geçirijilik mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň zerur şertlerini döretmek babatda anyk teklipler we başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýän we olary üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgeleriniň esasy merkezine öwrülýär.
Ýazgül GURBANOWA,
TDBGI-niň mugallymy.