Mer­da­na hal­ky­myz ha­ky­kat­dan-da dü­ýe ma­ly­na “Dü­ýe ma­ly – dün­ýe ma­ly” diý­mek bi­len oňa uly hor­mat go­ýup­dyr. Çün­ki dü­ýe ýük­çi mal hök­mün­de çar­wa türk­men­le­ri­ne asyr­la­ryň do­wa­myn­da hyz­mat edip­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­ňy-ýa­kyn­da giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne gow­şan “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da ta­ry­hy wa­ka­lar, ro­wa­ýat­lar çe­per terz­de su­rat­lan­dy­ryl­ýar. On­da ata Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry­nyň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň göz­baş­la­ry ha­kyn­da gy­zyk­ly söh­bet edil­ýär. Be­ýik Ýü­pek ýo­ly – Gün­do­gar ýurt­la­ry bi­len Gün­ba­tar ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ägirt uly söw­da ýo­ly bo­lup, onuň ug­run­da köp san­ly şä­her­ler, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler, däp-des­sur­lar we me­de­ni­ýet­ler ke­ma­la ge­lip­dir. Ha­ryt­la­ry dür­li ýurt­la­ra äkit­mek, ýer­le­mek işin­de bol­sa, esa­sy ulag se­riş­de­si bo­lup, dü­ýe­ler hyz­mat edip­dir­ler.
Dü­ýe ir za­man­lar­da ek­de­ki­leş­di­ri­len jan­dar bo­lup, adam­zat ýa­şaý­şyn­da, ho­ja­lyk iş­le­rin­de köp hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir. Onuň bi­len ýer sü­rüp­dir­ler, dä­ne dö­wüp­dir­ler, çuň gu­ýu­lar­dan, kä­riz­ler­den suw çy­ka­ryp­dyr­lar. Ýük da­şa­mak iş­le­rin­de bol­sa, dü­ýä taý gel­jek jan­dar ta­pyl­man­dyr. Teh­ni­ki ulag­la­ryň he­niz bi­ziň dur­mu­şy­myz­da ýok wagt­la­ry dü­ýe­le­riň kö­me­gi bi­len ýurt­lar ara­syn­da söw­da gül­läp ösüp­dir. Uzak ara­lyk­la­ry gys­gal­dyp, halk­la­ryň ara­syn­da al­nyp bar­lan söw­da gat­na­şyk­la­ryn­da dü­ýe­ler wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Ola­ryň kö­me­gi bi­len dür­li ýurt­la­ra söw­da sa­par­la­ry gu­ra­lyp­dyr, önüm­ler, se­net­çi­lik ha­ryt­la­ry uzak ara­lyk­la­ra da­şa­lyp­dyr. Olar öz ag­ra­my­nyň ýa­ry­sy­na go­laý ýü­ki, has ulu­la­ry 700 ki­log­ra­ma çen­li ýük­le­ri gö­te­rip, suw­suz ýol­lar­da ýüz­ler­çe ki­lo­metr çöl-be­ýe­wan­la­ry sö­küp, söw­da­gär­le­ri, ha­ryt­la­ry dür­li men­zil­le­re aşy­ryp­dyr­lar.
Türk­men hal­ky üçin dü­ýe ma­ly has-da gym­mat­ly jan­dar­dyr. Çün­ki ýur­duň ägirt uly ter­ri­to­ri­ýa­syny­ ulu­ly­gy ba­ba­t­da Sa­ha­ra çö­lün­den soň dün­ýä­de ikin­ji iň uly çöl – Ga­ra­gum çö­li tut­ýar. Şo­l sebäpli hal­ky­myz üçin dü­ýe ma­ly uçur­syz peý­da­ly bo­lup­dyr. Hal­ky­myz­da: “Dü­ýe­li baý – dün­ýe­li baý”, “Dü­ýe – dün­ýä, go­ýun – gaz­na”, “Dü­ýe­li ýurt aç öl­mez” di­ýen ýa­ly pä­him­ler ýör­gün­li bo­lup­dyr. Dü­ýe­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek türk­men çar­wa­dar­la­ry­nyň öň­den gel­ýän däp-des­su­ry­dyr.
Ta­ry­ha na­zar aý­la­sak, dü­ýe ma­ly adam­zat ýa­şaý­şyn­da ze­rur bo­lan azyk önüm­çi­li­gi, se­na­gat pu­dak­la­ry üçin çig mal çeş­me­si, ho­ja­lyk­da ulag hyz­ma­ty hök­mün­de giň­den ula­ny­lyp­dyr. Dü­ýe­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan ata-ba­ba­la­ry­myz bu ma­lyň üýt­ge­şik hä­si­ýe­ti bi­len bag­la­ny­şyk­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry ne­sil­le­re mi­ras gal­dy­ryp­dyr­lar. Dü­ýe süý­di örän peý­da­ly bo­lup, ol syg­ryň süý­di bi­len de­ňeş­di­ri­len­de С we D wi­ta­min­le­ri­ne üç es­se baý­dyr. Dü­ýe süý­di, esa­sy dü­ýe ça­ly­ny taý­ýar­la­mak üçin ula­nyl­ýar. “Dü­ýe ça­ly der­de dä­ri” di­ýil­me­gi hem ýö­ne ýer­den däl­dir. Tom­suň jöw­za­syn­da dü­ýe ça­lyn­dan teş­ne­li­gi­ni gan­dy­ran yn­sa­na gyz­gyn ho­wa tä­sir et­me­ýär. Dü­ýe ça­ly in­çe­ke­sel, aş­ga­zan ke­sel­le­ri üçin örän peý­da­ly der­man­lyk iç­gi ha­sap­lan­ýar. Dü­ýe süý­dün­den – çal­dan baş­ga-da aga­ran, süz­me, gurt önüm­le­ri taý­ýar­la­nyl­ýar. Ola­ryň hem­me­si-de ada­myň gün­de­lik ýa­şaý­şyn­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Dü­ýe ýü­ňün­den edi­len sa­çak­da me­le-mys­syk çö­re­gi uzak wagt­lap sak­lap bol­ýar. Şeý­le hem dü­ýe ýü­ňün­den ala­ja­lar, bil­gu­şak­lar, aga­ry örül­ýär, agar­çäk­men ti­kil­ýär. Kä­bir ýer­ler­de ýor­gan-dü­şek­le­riň içi pa­myk­dan däl-de, dü­ýe ýü­ňün­den edil­ýär. Dü­ýe ha­myn­dan ti­ki­len ça­ryk gyş­da so­wuk­dan go­ra­ýar, suw ge­çir­me­ýär, ýum­şak hem ýy­ly bol­ýar.
Dü­ýe­ler duý­gur, na­mys­jaň jan­dar­lar­dyr. Olar çöl­de azaş­ma­ýar­lar, suw­suz he­läk bol­ma­ýar­lar. Iner-ma­ýa­lar çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. “Ha­tar­da ner bol­sa, ýük ýer­de gal­maz” di­ýen na­ky­lyň dö­re­me­gi hem belki, hut şu se­bä­be gö­rädir. Dü­ýe ma­ly oja­gyň rys­gal-be­re­ke­di­niň gö­nez­li­gi ha­sap­la­ny­lyp­dyr. Gel­na­ly­jy üçin saý­la­nyp alyn­ýan üs­ti ke­je­be­li, gap­dal­la­ry dü­ýe­baş­lyk­ly, boý­ny jaň­ja­gaz­ly ak­ma­ýa bol­sa, özü­niň owa­dan­ly­gy bi­len gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýar. “Şa­se­nem-Ga­ryp” des­sa­nyn­da­ky: “Ke­je­bäň çek­mä­ge ak ma­ýa ge­rek” di­ýen se­tir­ler hem türk­men hal­ky­nyň mil­li däp-des­sur­lar bi­len bi­le­lik­de, bu jan­da­ra ýo­ka­ry ba­ha be­ren­di­gi­ni açyk-aý­dyň be­ýan ed­ýär.
Ýur­du­my­zyň ho­wa şert­le­ri göz öňün­de tu­tu­lyp, dü­ýe­le­riň ýe­ke ör­küç­li gör­nü­şi bo­lan ar­wa­na­lar ide­dil­ýär. Olar ys­sy ho­wa çy­dam­ly­ly­gy he­mem gy­rym­sy agaç­la­ryň pür­le­ri, ýan­dak, der­man­lyk ot­la­ry ýa­ly gu­rak­çy­ly­ga çy­dam­ly ösüm­lik­ler bi­len oň­ňut edip bil­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Ýur­du­myz­da dü­ýe­le­riň müň­ler­çe­si bo­lup, ola­ryň ag­la­ba bö­le­gi “Sa­kar­çä­ge” (Ma­ry we­la­ýa­ty), “Türk­me­nis­tan” (Bal­kan we­la­ýa­ty), “Ga­ra­gum” (Ahal we­la­ýa­ty) dü­ýe­dar­çy­lyk, to­hum­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, bu gün­ki gün ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­ly tä­ze­den di­kel­dil­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň iň bir yg­ty­bar­ly, baý, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Ýur­du­myz äh­li ugur­lar ba­bat­da uly ösüş­le­re bes­len­ýär.
Biz şeý­le ösüş­le­riň ba­şyn­da du­ran, ýurt äh­mi­ýet­li, bü­tin dün­ýä äh­mi­ýet­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, be­lent tu­tum­ly iş­le­ri­niň he­mi­şe uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris!

Ma­hym We­li­ha­no­wa,
Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň 14-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.