Söze goýulýan çensiz uly sarpanyň ýazyjy-şahyra, dilçi, edebiýatçy alymlara täsiri has uludyr. Çeper söz – biziň köňlümiziň aramy, ruhy genji-känimiziň bahasyz gymmatlygy. Ýurdumyzda guralýan sergilerde dürli ýurtlarda neşir edilen owadan bezegli kitaplar bilen birlikde, biziň ýurdumyzda çap edilen kitaplaryň hem ençemesi görkezilýär. Türkmen dilinde çap edilen kitaplaryň belli bir böleginiň çeper eserler bolmagy has-da guwandyryjydyr. Kitaplar edebi hazynamyzyň elýetmez baýlygydyr, edep-terbiýäniň gözbaşydyr. Şolaryň arasynda milli mirasymyza degişli eserlere aýratyn orun degişlidir.
Milli mirasy öwrenmegiň bir çeşmesi bolsa golýazmalardyr. Golýazmalar milli medeniýetimiziň gymmatly baýlyklarynyň biridir. Olary öwrenip, halka ýetirmek alymlaryň öňünde duran mukaddes borçdur.
Ata-babalarymyzdan miras galan gymmatly golýazmalary öwrenmekde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň alymlary uly işleri ýerine ýetirýärler. Häzir döredijiligi öwrenilýän söz ussatlarynyň biri hem Ýusup Emiridir.
XV asyrdaky türki dilli edebiýat mazmun we gurluş taýdan özünden öňki döwürlerdäki edebiýata garanyňda, has öňe gidişligi gazandy. Bu döwürde gazal, rubagy, tuýug, mesnewi, nama, munazara, dessan ýaly žanrlarda ajaýyp eserler döredilipdir. Ýusup Emiri hem Horezmi Rowany, Seýfi Saraýy, Ataýy, Lutfy ýaly şol döwürdäki türki dilli nusgawy edebiýatyň sakasynda duran ussat şahyrlardan biridir.
Ulugbegiň ogly Baýsungur Mürzäniň hem-de Şahruhyň köşgünde ýaşan Ýusup Emiri iki dilde, pars we türki dilde şygyrlar ýazypdyr, Orta Aziýa halklarynyň uly söz ussatlarynyň ösdürüp gelen edebi däplerine wepaly bolupdyr, olary täze şertlerde işläpdir, kämilleşdiripdir. Şahyryň Diwany “Dehnama” (“On hat”) we “Bang we çagyr” atly munazara eserleri biziň döwrümize gelip ýetipdir. Häzirki döwürde bu eserleriň golýazmalarynyň nusgalary Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Abu Reýhan Biruni adyndaky Gündogary öwreniş institutynyň, Türkiýe Respublikasynyň Darulfunun kitaphanasynyň hem-de Angliýanyň Britan muzeýiniň golýazmalar hazynalarynda saklanýar.
Bu ady agzalan eserler türki dilli edebiýatyň, şeýle hem döwrüniň öňdebaryjy ideýalarynyň rowaçlanmagyna, güýçli täsir edipdir. Ýusup Emiri şygyr sungatyny, hususan-da, türki dilli şygryň mertebesini ýokary derejelere göteripdir, liro-epiki žanryň ösmegine goşandyny goşupdyr. Ýusup Emiriniň döredijilik mirasy hakdaky ýatlamalar beýik söz ussatlarynyň kitaplarynda hem duş gelýär. Muny Gündogaryň akyldar şahyry Alyşir Nowaýynyň “Mejalisun-nefais” hem-de Döwletşa Samarkandynyň “Tezkiret uşşugara” atly tezkire kitaplarynda Ýusup Emiri hakynda aýdan sözleri hem doly tassyk edýär.
Ýusup Emiriniň “Dehnama” eseri Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Abu Reýhan Biruny adyndaky Gündogary öwreniş institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanýan we ata Watanymyza getirilen golýazma nusgasy esasynda çapa taýýarlanyldy. Bu eser şygyr görnüşinde ýazylyp, onuň her beýdinde sözleriň sazlaşygy berk saklanylýar.
Bu eserde yşk meselesi gozgalýar. Eseriň tutuş dowamynda her bir setirde dünýäniň, ýaşaýşyň öz kanunalaýyklygy, adam we onuň mukaddes söýgüsi teswirlenýär, yşk-muhabbet meselesi yzarlanýar.
Şahyr eserini Baýsungur Mürzä bagyşlapdyr. Eseriň otuz üç beýtden ybarat ýörite bir bölümi hem bu pikirleri doly tassyk edýär. Eserde Baýsungur Mürze asylly, ýokary adamkärçilikli adam hökmünde suratlandyrylýar. Emiri Baýsungur Mürzäniň gaýduwsyzdygyny onuň egsilmez şöhratynyň tükenmezdigini aýratyn nygtaýar. Bu beýtlerde onuň pakyrlara-garyp biçärelere goldaw berýänligi hakda ýatlanylýar.
Ýetip il derdine artyk biligi,
Ýapyp pakr egnini, açyk iligi.
Emiriniň “Dehnama” eseri jemi 90 sahypadan ybarat bolup, onda halk gözellikleri we gymmatly ynsanperwerlik häsiýetleri aşyk-magşugyň bir-birlerine hat ýazyşmaklary arkaly ündelýär. Ondaky hatlar mesnewi we gazal görnüşinde goşgy setirler bilen getirilýär. Ondan gowrak hatlaryň arasynda her bir hatyň mowzugyna degişli käbir hekaýatlar, öwüt-ündewler hem getirilýär. Olarda taryhy wakalar beýan edilýär. Çyn söýgi duýgularyny sada, şirin dilde wasp edýän setirler eseriň esasy maýasydyr. Olarda aşyk we magşuk hem olaryň özara muhabbeti, telwasy, teşneligi, şatlygy, muşdaklygy, höwesi wasp edilýär. Magşugyň husny-jemalyna berlen aşygyň agzyndan çykýan wasplar tebigylygy bilen haýran edýär.
Kereşme gözlerime sürme tartyp,
Köňül nakdyna kasyd göz garadyp.
Özüm içmeý saňa getirdim ony,
Ki gördüm sende soltanlar nyşany.
Mähir-muhapbet bilen bir-birine maýyl bolan iki kalp biri-birne wepaly, aşyk-magşugyň her bir sözünde wepadarlyga hormat beslenilýär. Diliniň şirinligi, sözleriň jaýba-jaýlygy, pikiriň aýdyňlygy, setirleriň owazlylygy Ýusup Emiriniň ýüreginiň hemişe hyjuwdan-yşkdan püre-pür şahyr bolandgyny äşgär görkezýär.
Aşyk-magşuklaryň zeýrenjiniň yzy terkidünýälige baryp ýetmeýär. Olar her zeýrençden soňra söýgüdäki gudraty, yşk hasratynyň lezzetini, durmuşyň hözirini görýärler. Şeýle häsiýet “Dehnamanyň” hemme namalarynda äşgär görünýär. Her bir setirde şahyryň ýiti zehini, ägirt ukyby duýulýar.
Durmuş hadysalary ynsanperwerlik, sahylyk, ygrarlylyk, edep-terbiýe ýaly ahlak gymmatlyklary esasynda döredilen we söz sungatynyň çuň many-mazmunly pähim-paýhaslaryndan, öwüt-nesihatlaryndan ybarat bu eser okyjynyň ruhy dünýäsiniň has-da gözelleşdirýär. Ýusup Emiriniň bu ajaýyp eseri türki şygrýetiniň çygryny giňeldipdir we gündogar halklarynyň edebiýatyna hem güýçli täsir edipdir. Institutymyzyň alymlary bu ajaýyp eseri çapa taýýarlamakda yhlasly zähmet çekdiler.
Biz ýaş alymlar döwlet Baştutanymyzyň öňümizde goýan wezipelerini artygy bilen ýerine ýetirmek üçin hemişe yhlas bilen zähmet çekeris!
Selbi Geldiýewa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.