Orta asyr alymy Ibn Sina 1006-njy ýylda Gurt ýyldyzlar toplumyndaky adatdan daşary partlaýyşlara gözegçilik edip, bu baradaky hasabaty öz “Sagalyş kitabynda” beýan edipdir. Kitap arap dilinde ýazylyp, onda tebigy bilimlere, mantyga we metafizika bagyşlanan eserler toplanan. Häzir şeýle gözegçiligi germaniýaly hünärmenler hem geçirdiler. Olaryň aýtmagyna görä, ady agzalan kitabyň bir bölüminde 1006-njy ýylyň 1-nji maýynda Gurt ýyldyzlar toplumynda bolup geçen ýokary partlaýyş barada ýatlanyp geçilýär.
Häzirki zaman ylmynda eýýäm belli bolan şunuň ýaly barlaglary Hytaý we arap älemşynaslary hem geçirdiler.
1960-njy ýylda Awstraliýanyň Parks obserwatoriýasynda PKS 1459-4 diýlip, bellige alnan şeýle partlaýşyň galyndylary ýüze çykarylypdy. Häzirki wagtda bu ägirt uly gaz-tozan buludy, sekuntda 9 müň kilometr tizlik bilen hereket edýär we diametri 60 ýagtylyk ýylyna barabardyr. Ibn Sina orta asyr yslam dünýäsinde iň täsirli alym we filosofdyr. Ol edebiýata, saza, psihologiýa, pelsepä, mehanika, astronomiýa, himiýa, lukmançylyga we ylmyň beýleki ugurlaryna öz goşandyny goşdy. Umuman, Ibn Sina ylmyň 29 ugry boýunça 450 eser ýazyp, olaryň 274-si biziň günlerimize gelip ýetipdir.